Seulda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň muňa öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak üçin geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümetiniň geljegi uly bilelikdäki taslamalary türkmen bazarynda durmuşa geçirýän Koreýa Respublikasynyň işewürler jemgyýetçiligine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge we ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny belledi.