Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sebitde çylşyrymly syýasy ýagdaýyň emele gelen döwründe Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmäge döredilen mümkinçilik hem-de berlen goldaw üçin türkmen tarapyna aýratyn hoşallyk bildirdi. Onuň bellemegine görä, bu ynsanperwerlik kömegi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ýokary derejeli özara ynanyşmagyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Duşuşygyň dowamynda Koreý Lideri Türkmenistanyň ýokary ykdysady we tebigy serişde kuwwatyny hem belledi. Ol iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň senagat kooperasiýasynyň ýokary derejesini görkezýändigini we iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Prezident Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň bazarynda netijeli iş alyp barmagy üçin amatly şertleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.