Türkmenistanyň çäginde bolýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermäge gatnaşyp bilerler. Saýlawlar 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda geçiriler. Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 08:00-dan 20:00-a çenli açyk bolar. Saýlawçylara amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanda 5 sany saýlaw uçastogynyň işi guraldy.
Aşgabat şäherindäki saýlaw uçastogy: Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý (Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi);
Türkmenbaşy şäherindäki saýlaw uçastogy: Magtymguly şaýoly, 81-nji “a” jaý (Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň konsullyk bölümi);
Türkmenabat şäherindäki saýlaw uçastogy: Bitarap Türkmenistan köçesi, 129-njy “A” jaý (Lebap welaýatynyň Medeniýet merkezi);
Mary şäherindäki saýlaw uçastogy: Watan köçesi, 31-nji jaý (şäher häkimliginiň binasy);
Daşoguz şäherindäki saýlaw uçastogy: 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 9-njy jaý (şäher häkimliginiň binasy).
Ses bermäge 18 ýaşyny dolduran Russiýa Federasiýasynyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Saýlawçylardan saýlaw uçastogyna özleriniň gelmekleri we hereket edýän daşary ýurt, diplomatik ýa-da gulluk pasportyny görkezmekleri talap edilýär.
Goşmaça maglumatlary +99312 48-07-75 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.
Elektron poçta: ruscons-ashgabad@mid.ru.