Ï Täze önümhana we önümçilgiň ýokary depgini
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze önümhana we önümçilgiň ýokary depgini

view-icon 621
Täze önümhana we önümçilgiň ýokary depgini

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Öňden hereket edip gelýän kärhanalaryň maddy binýadyny berkitmek, önümçilige kämil, ýokary öndürijilikli tehologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler özüniň aýdyň netijelerini berýär.

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde ýerleşýän Lebap sement zawodynda alnyp barylýan işler we gazanylýan üstünliikler ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu iri kärhanada ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmeklige niýetlenen ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi önüm öndürmekligiň kuwwatynyň iki esse artmaklygyny, ýagny ýylda 2 million tonna sement öndürmeklige şert döretdi. Lebap sement zawodynyň öňki hereket edýän bölüminde portland sementiniň «S-400» we «S-500» görnüşleri öndürilýän bolsa, onuň 2-nji tapgyrynda gurlan bölüminde has ýokary hilli «S-600» görnüşli sementi öndürmeklige hem mümkinçilik döredilendir. Zawodda Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň iň kämil enjamlar toplumlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär. Şu ýerde sementiň «S-400» görnüşiniň dürli binalaryň, ýanýodalaryň, meýdançalaryň gurluşygynda, berkligi boýunça ýokarda durýan sementiň «S-500» görnüşiniň demirbeton önünmleri öndürilende, howa menzillerinde uçarlaryň uçuş-gonuş meýdançalarynyň, ýolaryň gurluşygynda ulanylýandygyny belläp geçmek bolar. Sementiň has berk görnüşi «S-600» bolsa sulfada durnuklydyr, ol nebit we gaz wyşkalary oturdylanda, köprüleriň sütünlerinde, kenargurluşygynda, ýerasty taslamalarda we beýleki şuňa meňzeş ýerlerde giňden ulanylýar.

Bu kuwwatly kärhananyň çäginde kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan polipropilen haltalaryny öndürýän önümhananyň işe girizilmegi-de ýokary netijäniň gazanylmagyna ýardam edýär. Täze önümhananyň kuwwatlylygy ýylda göwrümi 50 kilogramlyk haltalaryň 30 millionyny, beýleki ölçegdäki polipropilen haltalaryň hem 1 millionyny öndürmeklige niýetlenendir. Bu önümhananyň ýurdumyzda hereket edýän beýleki ugurdaş sement kärhanalaryny-da polipropilen haltalary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da kärhanada ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny polipropilen haltalary bilen üpjün etmäge şert döredýän ini 52, 66, 101 hem-de 185 santimetr bolan haltalyk önümleriň öndürilýändigini belläp geçmek bolar.

Kärhanada 2025-nji ýylyň sekiz aýynda 984 müň 700 tonna sement öndürilen bolsa, işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy netijesinde şu ýylyň degişli döwründe 1 million 310 müň tonna sement öndürilipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 325 müň 300 tonna sementiň artyk öndürilendigini, önüm öndürmek boýunça ösüş depgininiň bolsa 33 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Lebap sement zawodynda öndürilýän bu islegli gurluşyk serişdesi daşary ýurtlara hem uly möçberde eksport edilýär. Işleri göwnejaý guralan bu kärhanada esasy üç ugra — sementiň hiline, önümçiligiň tygşytlylygyna, şeýle hem ekologiýa aýratyn üns berilýär. Kärhanada taýýar bolan önüm ýörite geçirijiler arkaly sement ammarlaryna ugradylýar we haltalara gaplanylyp awtoulaglarda, şeýle hem wagonlara guýlup, demir ýol arkaly sarp edijilere ýetirlýär. Sement öndürmekligiň yzygiderliliginiň merkezi dolandyryş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan awtomatiki usulda alnyp barylmagy önümçiligiň gidişine berk gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýär. Zawodda öndürilýän önümleriň bada-bat ýurdumyzyň dürli künjegindäki sarp edijilere ugradylmagy bu ýerlerdäki gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp gitmeklige ýardam edýär. Kärhanada önümçilige göýberilýän çig malyň, şonuň ýaly-da taýýar önümleriň hil derejesi bu ýerde hereket edýän barlaghanalar tarapyndan takyk anyklanylýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ýurdumyzyň her bir zähmet toparynyň öňde goýan arzyly maksady. Bu bolsa ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda ýokary iş depginini üpjün edýär.

Köýtendag sebitiniň gymmatly magdanlaryň gorlaryna baý bolmaklygy, sement öndürmeklik üçin zerur bolan hek daşynyň, kwars çägesiniň, gips we toýun ýaly çig mal känleriniň zawodyň çägine ýakyn ýerde ýerleşmekligi işleri bökdensiz alyp gitmeklige we önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga şert döredýär. Bu bolsa zawodyň girdejisini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.