Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, maliýe we bank, gümrük, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň gün tertibine ulag-aragatnaşyk ulgamynda we döwlet kadastry babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem giriziler.
Ynsanperwer we işewür hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak, işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ýaly meseleler barada pikir alşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.