Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp resmi çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Agajanow, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle-de ermeni diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.
Dabarada Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan öz çykyşynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak ýörelgeleriniň esasynda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Ýerewanyň daşary syýasat gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.
Ilçi soňky ýyllaryň ermeni-türkmen syýasy dialogynyň görnetin işjeňleşmegi bilen tapawutlanandygyny belledi. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust we dekabr aýlarynda Türkmenistana amala aşyran üç sapary munuň aýdyň subutnamasy boldy.
«Dekabr aýyndaky iş saparynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturyanyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Taraplar syýasy, ykdysady, bilim we medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, energetika we kommunikasiýa ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem infrastrukturany ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2025-nji ýylyň mart aýynda hökümetara ermeni-türkmen toparynyň onunjy mejlisi hem geçirildi, onuň çäklerinde söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy» diýip, ilçi aýtdy.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Agajanow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Wise-premýer ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýetirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasy bilen köpýyllyk dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtady.
G. Agajanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki başlangyçlaryň birek-birege goldaw bermegiň durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmäge saldamly goşant goşýandygyna ünsi çekdi. Wise-premýer döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini hem aýratyn belläp geçdi.
«Iki ýurduň hökümeti özara söwdanyň, eksport-import harytlarynyň görnüşleriniň işjeňleşdirilmegine hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Söwda dolanyşygynyň oňyn dinamikasy geljekde bilelikde işlemek üçin, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag, senagat, oba hojalygy we ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlarynda uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär» diýip, G. Agajanow aýtdy.