Ï Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdy

view-icon 228
Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygynda çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmenistan yslam dünýäsinde hyzmatdaşlyga we jebislige uly ähmiýet berýändigini tassyklap, palestinaly halka berilýän goldawy hem-de YHG-nyň doganlyk ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilýändigini aýratyn belledi.

Şeýle hem çykyşda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyna berlen goldaw üçin YHG-nyň agza döwletlerine hoşallyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu başlangyjyň BMG-niň Tertipnamasyny, döwletleriň özygtyýarly deňligini, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýeti nygtaldy.