Ï Gazak halkynyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazak halkynyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda

view-icon 268
Gazak halkynyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda» atly fotosergi açyldy. Sergi muzeýe gelýänlere gazak halkynyň taryhyna gyzykly syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Sergide Gazagystanyň Milli merkezi muzeýiniň ýygyndysynda saklanýan arhiw suratlary görkezilýär. Adaty durmuş ýörelgelerini, milli özboluşlylygy, egin-eşik aýratynlyklaryny, şeýle hem däp-dessurlary şöhlelendirýän bu taryhy fotosuratlar XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda gazak halkynyň taryhy-medeni keşbi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

Fotosuratlar birnäçe tematiki ugurlar boýunça bölünýär. Olaryň aýratyn bölümi baý milli nagyşlar we bezegler bilen haşamlanyp bejerilen milli egin-eşiklere bagyşlanýar. Milli nagyşlaryň ulgamy diňe bir bezeg bolman, eýsem, adamyň jemgyýetdäki derejesi we haýsy tire-taýpa degişlidigi barada maglumat berýän özboluşly nyşan bolup hyzmat edipdir.

Gündelik durmuş bilen baglanyşykly bölümlerde egin-eşikleri saklamak üçin ulanylan oýma nagyşly we metal bilen jäheklenen sandyklaryň, şeýle hem azyk önümlerini ýerleşdirmek üçin niýetlenen ýörite agaç we deri gaplaryň şekilleri ünsi çekýär. Bu hojalyk esbaplarynda geçmişde ýaşan adamlaryň oýlap tapyjylygy we paýhaslylygy aýdyň ýüze çykýar. Olar çarwa durmuşynyň şertlerinde uzak wagtlap ulanmaga ýaramly hem-de amatly zatlary ýasamagy başarypdyrlar.

Serginiň ýene bir bölümi maşgala däplerini we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny açyp görkezýär. Suratlaryň birinde gurply maşgalanyň wekilleri görkezilen.

Gazak halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy nyşany we öý hojalygynyň merkezi bolsa «киіз үй» diýlip atlandyrylýan gara öýdür. Gazak dilinde bu at «keçeden ýasalan öý» diýen manyny berýär. Fotosuratlarda gara öýüň gurluş bölekleri hem jikme-jik görkezilýär. Onuň diwarlaryny emele getirýän agaç gözenekler «кереге», gümmezini düzýän egme agaçlar «уық», ýokarky böleginde ýerleşýän, öýüň depesini emele getirýän, ýagtylygyň düşmegine we tüssäniň çykmagyna mümkinçilik berýän tegelek halka bolsa «шаңырақ» diýlip atlandyrylýar.

Göçüp-gonmak döwründe aňsat sökülip, gaýtadan dikilip bilinýän bu amatly ýaşaýyş jaýy sähra binagärliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülipdir. Şanyrak nyşany şu gün hem Gazagystanyň Döwlet tugrasynyň esasy elementleriniň biri bolup durýar.

Sergide çarwa halklaryň hojalyk işi, senetçiligi we ruhy medeniýeti bilen hem giňişleýin tanyşmak bolýar. Ekspozisiýanyň täsirli bölümleriniň biri bolsa eldekileşdirilen ýyrtyjy guşlar bilen aw etmek däbine bagyşlanýar. Bu beýik sähranyň gadymy sungatynyň biridir. Suratlarda aw guşlaryny terbiýeleýän ussatlaryň keşpleri görkezilýär. Olar ýyrtyjy guşlary aw üçin taýýarlamagyň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler.

Sergide görkezilen fotosuratlaryň döwrebap aýratynlygy, taryhy fotosuratlaryň hilini gowulandyrmak üçin sanly tilsimatlardan peýdalanylmagydyr. Bu tehnologiýalar wagtyň geçmegi bilen zeper ýeten suratlary aýawly dikeltmek we olaryň şekil hilini ýokarlandyrmak üçin ulanylan. Şunda suratlaryň taryhy hakykatyny ýoýmazlyga aýratyn üns berilipdir.

28-nji oktýabra çenli dowam etjek sergi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy. Doganlyk halkyň däp-dessurlary, amaly-haşam sungaty we ruhy dünýäsi bilen tanyşmak diňe bir ýakymly täsirleri galdyrman, eýsem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky köp asyrlyk dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.