Ï Ýurdumyzda «Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň» we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň» we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy

view-icon 86
Ýurdumyzda «Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň» we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň» we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Bu resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerine we ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de 2022-nji ýylda kabul edilen Biologik dürlülik boýunça Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen halkara maksatlary we wezipeleri göz öňünde tutýar.

Milli strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň biologik dürlüligini häzirki we geljek nesiller üçin gorap saklamakdan, dikeltmekden hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Strategiýada birnäçe milli maksat we olara ýetmäge gönükdirilen maksatlaýyn wezipeler kesgitlenildi.

Taýýarlanan resminamada «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» we beýleki degişli döwlet resminamalarynda kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutuldy.

Milli strategiýanyň taslamasyna degişli döwlet edaralarynyň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilmeli çäreleri öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy hem goşulýar. Bu resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga, tebigy baýlyklarymyzy geljek nesiller üçin aýawly saklamaga, Türkmenistanyň halkara ekologiýa başlangyçlaryny we degişli halkara borçnamalarynyň durmuşa geçirilmegini ilerletmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýa» we Hereketleriň meýilnamasy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.