Türkmenistanyň paýtagtynda hindi çaý medeniýetini we däp-dessurlaryny wagyz etmäge gönükdirilen ýörite çäre geçirildi. Çäräni Hindistanyň ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) gurady.
Duşuşyga TSTB-niň müdiriýetiniň agzasy Begenç Orazow, türkmen işewürler jemgyýetiniň wekilleri we hindi çaýynyň muşdaklary gatnaşdylar.

Maksatnama hindi çaýynyň meşhur görnüşleri barada gysga film bilen başlandy, ondan soň myhmanlara ýoga boýunça gyzykly çykyş, şeýle hem hindi sazly we tansly çykyşlar görkezildi.
Çärede çykyş eden Begenç Orazow iki döwletiň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçdi we hindi çaý içişlik däpleri bilen tanyşmagyň dostlugy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu meşhur hindi çaý görnüşleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi we ýurdunyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny göz öňünde tutmak bilen, ösüş tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Diplomat, şeýle hem Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygy netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly duşuşyga gelenler darjiliň, assam, nilgiri, Kaşmir «kahwasyny» we «masala çaýyny» dadyp gördüler. Şol bir wagtda myhmanlar üçin Hindistanyň dürli sebitlerinden getirilen aýurweda önümleriniň we el işleriniň sergisi hem guraldy.
Çäräniň çäginde Hindistanyň dürli ştatlaryndan getirilen aýurweda harytlarynyň we özboluşly el işleriniň sergisi, şeýle hem gyzykly konsert maksatnamasy geçirildi.
