Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy — ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, gullugyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhyna ýazylan wakalar hakynda çykyşlar diňlenildi. Ylaýta-da, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň geçirilmegi babatda durlup geçildi. Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen bagly buýsançly gürrüň edildi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda edýän halkara tagallalarynyň ýerine düşýändigini görkezýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda geçirilýän şeýle halkara derejeli çäreler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda metbugat neşirleriniň öňünde möhüm wezipeleri goýýar.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmegiň möhümdigi barada bellenilip geçildi.