Ï Ýaş türkmen tennisçisi Rafael Nadalyň akademiýasynda geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türkmen tennisçisi Rafael Nadalyň akademiýasynda geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy

view-icon 169
Ýaş türkmen tennisçisi Rafael Nadalyň akademiýasynda geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

9 ýaşly türkmen tennisçisi Alihan Nurýagdyýew 16 – 22-nji noýabr aralygynda Ispaniýanyň Manakor şäherinde (Malýorka adasy) dünýäniň öňki birinji raketkasy Rafael Nadalyň adyny göterýän akademiýanyň meýdançalarynda geçirilen abraýly halkara «TEN-PRO Global Junior Tour» ýaryşynda kümüş medal gazandy.

Alihan 10 ýaşa çenli ýaş toparynda çykyş etdi. Toprak örtükli meýdançalarda geçirilen ýaryşyň esasy baýragy ugrunda 16 ýurtdan 20 türgen bäsleşdi. Türkmen tennisçisi aýgytly duşuşyga çenli bolan ýaryş ýoluny ynamly geçip, garşydaşlaryna ýekeje set hem bermedi. Ol 1/8 finalda Koreýa Respublikasynyň wekili Ýunho Son bilen duşuşyp, 6:2, 6:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Çärýek finalda bolgariýaly Nikolaý Awramowy 6:1, 6:0 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda bolsa Türkiýäniň wekili Jan Rauf Tunçy 6:0, 6:2 hasabynda ynamly utup, finala çykdy. Altyn medal ugrunda geçirilen dartgynly üç setli final duşuşygynda Alihan Litwanyň wekili Kristupas Klowasa 4:6, 6:4, 3:6 hasabynda ýeňildi we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Manakor şäherinde geçirilen ýaryş 2010 – 2017-nji ýyllarda doglan zehinli oglan-gyzlary ýedi ýaş toparynda bir ýere jemledi. Rafael Nadalyň akademiýasyndaky bu tapgyr Ýewropanyň, Afrikanyň, Awstraliýanyň, ABŞ-nyň we Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy tennis merkezlerinde her ýyl geçirilýän «TEN-PRO Global Junior Tour» halkara ýaryşlarynyň uly tapgyrynyň bir bölegidir. Bu ýaryşlar ýokary derejeli sport infrastrukturasyny netijeli tejribe toplamak mümkinçiligi bilen utgaşdyrýar.

Bu ýaryş tapgyry ýaş tennisçiler üçin adaty ýetginjekler ýaryşlary bilen deňeşdirilende birnäçe möhüm artykmaçlygy hödürleýär. Adaty olimpiýa görnüşindäki utulan-çykdy ulgamyndan tapawutlylykda, «TEN-PRO» ýaryşlarynyň düzgünnamasy her bir gatnaşyja öz ýaş toparynda azyndan dört duşuşyk geçirmegi kepillendirýär. Türgen bir ýaş uly toparyň ýaryşyna hem gatnaşmak üçin hasaba alnan bolsa, onda bir hepdäniň dowamynda azyndan sekiz sany doly duşuşyk geçirýär. Ýeňlişe sezewar bolan tennisçiler hem ýaryşdan çykarylman, güýji deň bolan garşydaşlary bilen jemleýji orunlar ugrunda bäsleşiklerini dowam etdirýärler we gymmatly halkara tejribesini toplaýarlar. Mundan başga-da, ähli duşuşyklaryň netijeleri «Universal Tennis Rating» (UTR) reýtinginde hasaba alynýar. Ýaryş tapgyrlarynyň ählisiniň netijeleri boýunça bolsa «TEN-PRO» umumy reýtingi düzülýär. Şol reýtingde öňdäki orunlary eýeleýän türgenlere hemaýatkärlik esasynda sport egin-eşikleri ýa-da Rafael Nadalyň akademiýasynda bir hepdelik türgenleşik geçmek üçin mugt mümkinçilik berilýär.

Ispaniýada gazanylan kümüş medal Alihanyň 2026-njy ýylyň maý aýynda Gazagystanda görkezen üstünlikli çykyşynyň kanuny dowamy boldy. Şonda sekiz ýaşly türgen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» tapgyrynyň iki halkara ýaryşynda ýekelikde we jübütleýin görnüşlerde jemi dört medal – üç altyn we bir bürünç medal gazanyp, uly üstünlik gazandy. Şeýle durnukly netijeler onuň dünýä derejesinde öz deň-duşlarynyň iň güýçlüleri bilen deň derejede bäsleşmäge ukyplydygyny aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda Alihan Nurýagdyýew Türkmenistanyň geljegi uly ýaş tennisçileriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. A. S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy okuwyny yzygiderli türgenleşikler we daşary ýurtlardaky ýaryşlara gatnaşmak bilen üstünlikli utgaşdyrýar. Onuň ösüşinde tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň goşandy uludyr. Onuň ýolbaşçylygynda Alihan tehniki ussatlygyny, taktiki pikirlenişini we psihologik durnuklylygyny kämilleşdirýär. Gazagystanda we Ispaniýada geçirilen iri halkara çagalar ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň tennis mekdebinde türgenleri taýýarlamagyň ýokary derejesini görkezýär hem-de ýaş türgeniň geljekki hünär ýoly üçin giň mümkinçilikleri açýar.