Ï Daşoguz welaýatynda umumybilim berýän okuw mekdepleriniň ulgamy yzygiderli ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda umumybilim berýän okuw mekdepleriniň ulgamy yzygiderli ösdürilýär

view-icon 288
Daşoguz welaýatynda umumybilim berýän okuw mekdepleriniň ulgamy yzygiderli ösdürilýär

Daşoguz welaýatynda bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şu ýyl hem Daşoguz şäheriniň «Gülistan» ýaşaýyş toplumynda «Mäkäm» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan 600 okuwçy orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygy dowam etdirilýär. Dört bölekden ybarat bolan bu täze binanyň umumy tutýan meýdany üç ýarym gektara deňdir. Häzirki wagtda mekdebiň birinji gatynyň diwarlarynyň kerpiç örümi tamamlandy, suwag işleri alnyp barylýar, aýry-aýry böleklerinde bolsa beton işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Soňky ýyllarda welaýatda gurlan ähli täze umumybilim berýän okuw mekdepleri ýaly, bu mekdep hem ýurdumyzda şeýle maksatly desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk geler. Iki gatly binada giň eýwan, okuw we dolandyryş otaglary, mejlisler we sport zallary, kitaphanalar, naharhana, daşary ýurt dillerini öwretmek üçin lingafon otaglary, şeýle hem okuwçylaryň zähmet okuwlary üçin niýetlenen otaglar ýerleşer.

Täze mekdebiň ähli çägi bagy-bossanlyga öwrüler, yşyklandyrylar we abadanlaşdyrylar. Döwrebap okuw ulgamy kompýuter enjamlarynyň kömegi bilen dürli okuw derslerini has çuňňur we giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berer.

Şu günler Köneürgenç etrabynda hem 420 okuwçy orunlyk täze umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Döwlet tarapyndan bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde, häzirki wagtda Daşoguz welaýaty umumybilim berýän hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ösen ulgamyna eýedir. Welaýatda mekdep-internatlaryny hem goşmak bilen, bäş ýüzden gowrak umumybilim berýän mekdep üstünlikli hereket edýär. Olaryň ýeterlik derejede tehniki enjamlaşdyrylmagy, ýokary hünärli mugallymçylyk işgärleri, zerur okuw we görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi okuw mekdeplerinde ýokary hilli bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilim derejesini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.