Ï Kemer – ýurdumyzyň “nebitgaz kartasyndaky” öndürijilikli täze meýdança
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kemer – ýurdumyzyň “nebitgaz kartasyndaky” öndürijilikli täze meýdança

view-icon 869
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Kemer atly täze meýdançada “Türkmennebit” Döwlet konserni tarapyndan taýýarlanan ilkinji gözleg guýusy burawlanan mahalynda gazyň senagat akymy alyndy. Bu guýunyň taslama boýunça çuňlugy 4 müň 300 metre, gije-gündizdäki debiti bolsa, deslapky maglumatlara görä, her gije-gündizde “mawy ýangyjyň” 250 müň kub metrine barabardyr.

Gözleýjiler häzirlikçe diňe ilkinji netijeli gatlagy ýüze çykardylar. Bulardan başga-da, “Nebitgazylmytaslama” institutynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri bu ýerdäki üç sany gatlakda uglewodorod serişdeleriniň bardygyny görkezýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň günorta-günbatarsynyň ýokary energetiki kuwwata eýe bolup durýandygyny tassyklaýan ýene-de bir subutnama äşgär edildi, şol ýerde ozal Körpeje, Keýmir, Günorta Gamyşlyja, Akpatlawuk, Şatut, Nebitlije, Altyguýy ýaly iri ýataklaryň ençemesi açyldy, bular häzirki wagtda Türkmenistan –Eýran (Körpeje—Gurtguýy) döwletara gaz geçirijisi üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Körpeje-Balkanabat nebit geçirijsi hut şu ýerden gözbaş alyp gaýdýar, şol geçiriji arkaly uglewodorod ýangyjy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ýetirilýär.

Ýakyn wagtda geljegine uly umyt baglanýan Kemer meýdançasynda buraw işleri dowam etdiriler. “Türkmennebit” Döwlet konserniniň düzümleri geologik çökündileriň pliosen toplumyny öwrenmek üçin bu ýerde ikinji gözleg guýusynyň düýbüni tutmaga taýýarlanýarlar.

Çuň we has çuň guýylary burawlamak “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energeika toplumyna degişli kärhanalaryň edinýän öňdebaryjy tehnologiýalary we döwrebap enjamlar şu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeine ýardam berýär.

Umuman alanyňda, täze nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegi uglewodorod ýangyjynyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberininiň mundan beýläk-de artdyrylmagyna mümkinçilik döreder hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýnyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine güýçli itergi berer.