Ï Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady

view-icon 722
Şu gün Sergi köşgünde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum täze Galkynyş we ykdysady ösüşler döwründe ýurdumyzyň durmuşyndaky aýdyň waka öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan ykdysady gözden geçirilişe döwlet we hususy kärhanalarynyň 140-sy gatnaşdy. Üç günüň dowamynda Aşgabadyň Sergi toplumynda türkmen döwletiniň ösüşiniň, ykdysady we durmuş ugurlarynyň hemmesiniň ösüşini açyp görkezýän köp sanly ekspozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işi hem-de geljekki meýilnamalarynyň netijesi bilen tanyşdyrylyşlar geçirildi.

Durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ägirt uly gerimini, milli Liderimiziň özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan iri möçberli halkara taslamalaryny şöhlelendirýän diwarlyklar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde ýerleşdirilen çyzgylarda, taslamalarda we dürli maksatly desgalaryň fotosuratlarynda, beýleki eksponatlarda gadymy türkmen topragynyň ähli künjeklerinde bolup geçýän düýpli özgertmeler öz beýanyny tapýar.

Sergi köşgündäki sergi milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak babatynda gazanylanlar, üstünlikler bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu has-da ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk, dokma we himiýa senagatynyň diwarlyklarynda giňden şöhlelendirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sebitde şu ugurdaky iri kärhanalaryň biridir. Bu gün ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň 25 göterimden gowragy şu toplumyň paýyna düşýär. Şol önümler dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýar.

Dürli görnüşli senagat we azyk önümleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen bir hatarda, sergide iri maýa goýum taslamalary, innowasiýalar, dürli pudaklarda peýdalanylýan häzirki zaman tilsimatlary we enjamlary, şeýle hem ýurdumyzyň ägirt uly serişdeleriniň esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri görkezilýär.

Ýurdumyzda gumanitar ulgamdaky üstünlikler, ilkinji nobatda, bilim we ylym babatyndaky gazanylanlar serginiň ekspozisiýasynda aýdyň görünýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň özbaşdak diwarlygy hem bu ugra bagyşlanypdyr.

Kärhanalaryň we guramalaryň, hususy telekeçileriň hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk esasynda geljegi uly ösüşlere eýe bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň wekilleri bilen geçirilen köp sanly duşuşyklar we gepleşikler serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bu ýerde işewürlik boýunça täze hyzmatdaşlary tapmagy başardylar.

Täze Galkynyş eýýamynda hususy ulgam ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürlemek, azyk we çaphana önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň we beýlekileriň önümçiligine maýa goýumlaryny çekmek bilen, ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde döwletimiziň hyzmatdaşlary bolup çykyş edýärler. Şu sergi bolsa türkmen işewürleriniň bazar tejribesiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Munuň başga-da, forumyň guramaçylary tarapyndan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi: ileri tutulýan ugurlar we mümkinçilikler” atly ylmy-amaly maslahatyň baý işewür maksatnamasy taýýarlandy. Oňa dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Belgiýanyň, Hindistanyň, Koreýanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Onuň işiniň dowamynda türkmen döwletiniň ykdysady syýasatynyň wajyp meseleleri, dünýä maliýe-ykdysady çökgünligiň täsirini aradan aýyrmak, durmuş syýasatynyň, döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy ugurlaryny işläp düzmek meseleleri hem-de ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bank özgertmeleriniň täsiri ýaly meselelere garaldy.

Maslahatda garalan meseleleriň köp ugurlylygy oňa gatnaşyjylara milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryndaky ýagdaýy seljermäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda onuň ösüşiniň ugurlaryny hem-de strategiýasyny ara alyp maslahatlaşmaga, has wajyp meselelere hem-de olaryň çözgüdini tapmagyň ýollaryna seretmäge, Türkmenistanyň esasy önümçilik gaznalaryny we durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tilsimatlarynyň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Serginiň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara diplomlary we şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Ykdysady foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyzy geljekde hem Watanymyzyň abadançylygynyň, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň oňyn başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň bähbidine gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.