Şu gün, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary ýurdumyzda ilkinjiler bolup, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada raport berdiler. Olar Watan harmanyna 5 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar.
Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň ekerançylary şu ýyl suw bilen bol üpjün edilen ýerlere gowaça ekdiler. Gowaça meýdanlarynyň ählisi Serdar we Bereket etraplarynda, Garagumuň we Köpetdagyň arasynda, Garagum derýasynyň suwarymly ýerlerinde ýerleşýär. Ýurdumyzyň günbatar welaýatynda ýerleriň toprak-howa şertleri nazara alnyp, gowaçanyň «133», «S-2606» ýaly orta süýümli görnüşleri ekildi. Olar ýerli şertler üçin örän amatlydyr. Işe şeýle ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda çemeleşilmegi netijesinde daýhanlar «ak altyn» öndürmekde ýokary görkezijilere eýe boldular.
Balkan welaýatynyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak boýunça gazanan üstünlikleri pagtaçylaryň çeken tutanýerli zähmetiniň, agrotehnikanyň kadalaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmeginiň, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagynyň netijesidir.
Balkan welaýatynyň pagtaçylary şu möwsümde ýokary netije gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky giň möçberli özgertmeleri netijesinde özleri üçin döredilen ykdysady höweslendiriş çärelerine daýanyp, ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Olar milletiň Liderini öz öňlerinde goýlan wezipeleri mundan beýläk hem üstünlikli çözmek, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we şeýlelikde, Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmak üçin ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.