Ï Maryly pagtaçylar zähmet ýeňşini baýram edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maryly pagtaçylar zähmet ýeňşini baýram edýärler

view-icon 589
Şu gün Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 20 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň pagtaçylary, balkanly ekerançylardan soň, Watanyň uly harmanyna pagtanyň 310 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, “ak altyny” taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakynda habar berdiler.

Maryly pagtaçylaryň zähmet ýeňşi welaýatyň ekerançylarynyň welaýatda bu gymmatly tehniki ekin üçin bölünip berlen 165 müň gektar ekerançylyk meýdanynyň her gektarynda dartgynly işiniň mynasyp jemidir. Maryly ekerançylar toprak-howa şertlerini nazara alyp, öz ekerançylyk meýdanlarynyň uly bölegine türkmen seleksionerleri Murgap jülgesiniň bereketli ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişidirilen we degişlilikde ýerli şertlere has uýgunlaşdyrylan pagtanyň orta süýümli “Ýolöten-7” we inçe süýümli “Ýolöten-14” sortlaryny ekdiler. Hut şunuň ýaly ylmy taýdan esaslandyrylan we iş tejribesinde barlanyp görlen çemeleşme netijesinde maryly daýhanlar pagta taýýarlamakda ýokary görkezijileri gazandylar.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasylyny ýygnamak dowam etdirilýär. Bu ajaýyp zähmet ýeňşi maryly pagtaçylary has hem ruhlandyrdy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirýän uly möçberli özgertmeleri netijesinde özleri üçin döredilen uly ykdysady höweslendirmelere daýanyp, ekerançylaryň janypkeşlikli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli doly ýygnamak üçin her bir amatly güni we sagady netijeli peýdalanyp, dartgynly depginde zähmet çekmeklerini dowam etdirýärler.

Welaýatyň pagtaçylary öz habarynda milletiň Liderini döwlet Baştutanynyň ekerançylyk meýdanlarynyň zähmetkeşleri hakyndaky yzygiderli aladasyna iş bilen jogap berjekdiklerini, olaryň çekýän zähmetiniň bolsa täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatyny durmuşa geçirmäge ýene-de bir uly önjeýli goşant boljakdygyna ynandyrdylar.