Ï Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat möçberindäki kuwwaty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat möçberindäki kuwwaty artýar

view-icon 1020
Şu gün ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň dürli welaýatlarynda ýangyç-energetika toplumynyň düzümine degişli täze we möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň barşynda täze, wajyp ädime öwrüldi. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe giizilmegi bilen baglylykda geçirilen dabaralary şu pudakda ylmy- tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň ulanylmagynyň, nebithimiýa pudagynyň kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň, gazy we nebit gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň gurulmagyny we beýlekileriň döwlet Baştutanynyň şu ugurdaky syýasatynyň ileri tutulýan bölegi bolup durýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Täze gurlan desgalaryň eksport üçin niýetlenmegi Türkmenistanyň baý tebigy gorlara eýe bolmak arkaly, olardan türkmen halkynyň rowaçlygynyň, maddy hal ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynyň, galyberse-de, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň hatyrasyna ulanmaga çalyşýandygny tassyklaýar.

Şu gün Döwletabatda ýurdumyzyň iri gaz ýatagynda gaz gysyjy stansiýasynyň ýene-de biri—“Döwletabat-2” ulanmaga berildi, onuň ýyllyk kuwwaty ýylda 20 milliard kub metre çenli gaza barabardyr.

Şanly senä—ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanan bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi, uglewodorod ýangyjynyň çykarylyşyny artdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-eneretika toplumynyň düzümini hemme taraplaýyn ösdürmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirýän trnsmilli gaz geçirijileri çig mal bilen ygtybaryly üpjün etmek, şol strategiýanyň möhüm ähmiýetli ugurlary bolup durýar.

“Döwletabat-2” gaz gysyjy stansiýanyň açylyş dabarasynga nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ahal welaýatynyň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler, şonda döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylary bu şanly waka bilen gutlap, gaz geçiriji kommunikasiýalaryň köp ugurly ulgamynyň döredilmeginiň türkmen ýangyç-energetka toplumyny ösdürmegiň strategiki ugry hasaplanýandygyny belledi. Türkmenistan global energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleleriň çözülmegine ýardam berjek sebit we sebitara derejesindäki taslamalaryň birnäçesini öňe sürüp, ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarly bolmak arkaly, özüniň gaz çykaryjy senagatynyň tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegine, energiýa serişdelerini daşary ýurtly sarp edijilere ýetirilmegi boýunça ygtybarly ulgamyň çaltlandyrylan depginde ösdürilmegine ileri tutulýan ýagdaýda üns berýär.

Ýygnananlar çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň täze Galkynyş eýýamynda hil taýdan täze derejä ýetirilýän ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meselelerine hemişe aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şonda Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň netijeli ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürmek bilen, şolary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin anyk çäreleri görýändigi bellenildi. Türkmenistan-Hytaý täze transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň ulanmaga berilmegi, şu ýylyň tomsunda Hazar deňzindäki ýataklarda tebigy gazyň çykarylyp ugralmagy, ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny bitewi gaz geçiriji ulgamda jemlejek Gündogar-Günbatar gaz geçirijisinňi gurluşygy, beýleki uly möçberli taslamalar türkmen Lideriniň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň hatyrasyna Türkmenistanyň örän uly möçberlerdäki uglewodorod gorlarynyň dolulygyna özleşdirilmegine gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän mysallardyr.

Döwrebap enjamlar bilen üpjün “Döwletabat-2” gaz gysyjy stansiýa ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýär. Ol dolulygyna awtomatiki we awtonom usulda işledilýär. Bu ýerde ähli amallar elektronikanyň we ýörite programma bilen üpjün edilen ulgam arkaly distansion we merkezleşdirilen görnüşde berjaý edilýär. Stansiýada kompressor enjamlarynyň 3-si gurnaldy, olaryň ikisi işledilýär we biri ätiýaçlyk üçin niýeitlenendir. Bulardan başga-da, toplum birnäçe inžener-tehniki desgalary özünde jemleýär.

Türkmenistan—Ýewropa döwletara gaz geçirijisine mawy ýangyjy akdyrýan Döwletabat-1 we Döwletabat-2 gaz ýataklarynyň hem-de 2010-njy ýylyň ýanwarynda işe girizilen Döwletabat-Sarahs-Hangeran türkmen-eýran gaz geçirijisiniň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar.

Şu gün ulanmaga berlen gaz gysyjy stansiýa Belgiýanyň belli “ENEХ Proсess Engineering LTD” tarapyndan dolulugyna gurlup berildi, bu kompaniýa energetika ulgamynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýär. “Türkmengaz” Döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylan bu uly möçberdäki maýa goýumly taslamanyň umumy bahasy 132 million ýewrodan gowrakdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Döwletabat-2” gaz gysyjy stansiýanyň gurluşykçylaryna we işgärlerine döwlet Baştutanynyň berk jan saglyk, abadançylyk we ata Watanymyzyň bähbidine täze üstünlikleri gazanmak baradaky gutlag sözleri aýdyldy. Dabara gatnaşyjylar milletiň Liderine ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy we halkymyzyň abadançylygy barada içgin alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Täze gaz gysyjy stansiýanyň gurluşygyna gatnaşyp tapawutlanan hünärmenlere türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Döwletabat-2” gaz gysyjy stansiýanyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara tamamlanandan soňra, bu şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

* * *
Şu gün Bagajada Lebap welaýatynyň iň iri uglewodorod ýataklarynyň birinde bahasy ABŞ-nyň 52,35 million dollaryna barabar bolan nobatdaky maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek işi tamamlandy. Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň ikinji nobatdakysy işe girizildi. Onuň desgalary ýylda tebigy gazyň 1 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge, 12 müň tonna suwuklandyrylan gaz we 18 müň tonna gaz kondensatyny çykarmaga niýetlenendir.

Bu şanly waka mynasybetli geçirilen dabaralara nebitgaz pudagynyň, Lebap welaýatynyň we Seýdi şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Umumymilli "Galkynyş" hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz onda gazy gaýtadan işleýjileri şu şanly waka bilen gutlap, uglewodorod çig malyny çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu babatda Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň ikinji nobatdakysynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýän täze önümçilik ähli görkezijiler boýunça dünýä ülňülerniň talaplaryna laýyk gelýär. Ähli tehnologik prosesler— gazy kükürtden arassalamak, örän ýokary we degişlilikde örän pes temperaturalarda gazy tapgyrlaýyn ugratmak hem-de sowatmak, ony akdyrmak we beýleki işler bu ýerde awtomatlaşdyryldy. Olary dolandyrmak işi merkezleşdirilen usulda kompýuter ulgamynyň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Topluma hyzmat etmek üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanyldy. Esasan hem olar ýokary we orta tehniki bilimli hünärmenlerdir.

Ýokarda bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Thermo Design Engineering LTD” (Kanada) kompaniýasy tarapyndan gurlan toplumyň gaýtadan işleýän kuwwaty ýylda 1 milliard kub metr çig mala deňdir. Suwuklandyrylan gaz bu ýerden Seýdi şäherindäki terminal arkaly eksporta iberiler, gaz kondensaty bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ugradylar. Şol ýerde ondan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän açyk nebit önümleri öndüriler. Mundan başga-da, “mawy ýangyç” Bagajadan Amyderýa jülgesiniň alyjylar ulgamyna – Lebabyň önümçilik zerurlyklaryna we ilatyna hem iberiler. Şu maksatlar bilen häzir hereket edýän gazulag kommunikasiýalary ulanylar.

Birnäçe ýyl mundan ozal Bagaja ýatagynda gazy gaýtadan işleýän toplumyň birinji nobatdakysy ulanmaga berlipdi. Şonda Bagajanyň we Seýdi şäheriniň arasynda kondensat geçiriji we uzynlygy 37 kilometre barabar bolan suwuklandyrylan gaz ugradylýan turbageçiriji, şeýle hem 43 kilometrlik ýokary basyşly gaz geçirijisi çekildi.

Daşary ýurtly potratçylardan başga-da, bu taslamany durmuşa geçirmäge “Lebapnebitgazgurluşyk” kärhanasynyň we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň gurluşykçylary hem-de gurnaýjylary gatnaşdylar.

Birinji tapgyrda Lebabyň burawlaýyş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan burawlanan çuňňur gaz guýularynyň 6-sy täze önümçiligi çig mal bilen üpjün eder. Guýularyň käbiriniň bir gije-gündizdäki debiti 1 milloin kub metr gazdan geçýär. Turbageçirijileriň ulgamy guýulary gaz ýygnalýan nokat bilen baglanyşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ägirt uly energetika mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde gazy gaýtadan işleýän senagata möhüm orun berilýär. Suwuklandyrylan gaz bolsa tebigy gaz bilen bir hatarda türkmen eksportynyň düzüminde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu möhüm harytlyk önümini çykarmak boýunça önümçilik kuwwatlyklary onlarça esse artdy. Naýyp we Bagaja ýataklarynda häzirki zaman tehnologik desgalaryň gurulmagy hem muňa ýardam etdi. Mysal üçin, bu toplumlaryň işe girizilenden bäri şol ýerden daşary ýurtlara suwuklandyrylan gazyň 1 million tonnadan gowragy iberildi. 2010-njy ýylda Naýypdaky we Bagajadaky gaýtadan işleýän desgalar durmuşda ulanýan ýokary hilli ýangyjyň 140 müň tonnasyny işläp çykardylar. Ýakyn geljekde Naýypdaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň birinji tehnologik desgasynyň toplumlaýyn durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, bu ýerdäki rezerwuar parkynyň sygymlylygyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Bagajanyň gazy gaýtadan işleýän toplumynyň gurluşykçylaryna we işgärlerine döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy we berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna täze üstünlikler baradaky arzuwlary gowşuryldy. Munuň özi dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar milletiň Liderine ýüzlenmesinde nebitgaz senagatyny ösdürmek meselelrine uly üns berýändigi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak barada ýadawsyz alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Täze toplumyň gurluşygyna gatnaşan iň gowy hünärmenlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdymyzyň gaz düzüminiň täze desgasyny ulnamga bermek dabarasy tamamlanandan soň, bu wakanyň hormatyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

* * *
Şu gün milli senenamanyň şanly senesiniň—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynda Döwletabat gaz ýatagyny “Derýalyk” gaz gysyjy stansiýa bilen baglanyşdyrýan esasy sowma turbageçirijiniň ikinji şahasynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara geçirildi, bu gaz geçirildi.

Bu waka täze Galkynyş eýýamynyň taryhy senenamasyna täze ajaýyp sahypa bolup ýazyldy hem-de döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ägirt uly energetiki kuwwatyndan üstünlikli peýdalanmagyň ýene-de bir mysalyna öwrüldi.

Täze gaz geçiriji gysga möhletlerde Üňüz aňyrsyndaky Garagumda, Orta Aziýa-Merkez döwletara ýangyç geçirijisiniň 435-nji kilometrinden 381-nji kilometrine çenli aralykda guruldy. 61,1 kilometre uzalýan we diametri 1420 millimetre barabar bolan ýangyç geçiriji her gije-gündizde “mawy ýangyjyň” 80 million kub metrini geçirmäge ukyplydyr. Şeýlelikde, “Döwletabat—Derýalyk” gaz geçirijisiniň iki şahasynyň bilelikde hereket etmegi netijesinde olaryň umumy kuwwaty her gije-gündizde 150 million kub metr gaza barabar bolar.

Ýeri gelende aýtsak, gaz infrastrukturasynyň bu möhüm ähmiýetli desgasynyň bahasy ABŞ-nyň 50 million dollaryna golaý bolup, ol “Petro Gaz LLP” daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan guruldy. Ol merkezleşdirilen we awtomatiki görnüşde dolandyrýan döwrebap telemehaniki serigşdeler, kran uzelleri, goýberiş kameralary we arassalaýjy enjamlardan kabul edijiler bilen üpjün edilendir. Katod gorag enjamy gaz geçirijini poslamakdan goraýar. Bu täze desgada “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Daşoguzgazakdyryş” gaz iberiş müdirliginiň taýýarlykly hünärmenleri işlär, bu müdirlik ýurdumyzyň iri we ýöriteleşdirilen kärhanalyrynyň biri bolup durýar. Esasy sowma gaz geçirijiniň ikinji şahasynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary, welaýatyň işgärler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdy.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny üns berip diňlediler. Milletiň Lideri gurluşykçylary, ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny täze desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebitgaz kärhanalarynyň enjamlar bilen täzeden üpjün edilmegine, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň geriminiň giňeldilmegine uly möçberli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegini göz öňünde tutýan täze energetika syýasatynyň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrmagyna ýardam edýändigini belledi, munuň özi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ata Watanymyzy çalt depgin bilen ösdürmek boýunça uly möçberli wezipelere laýyklykda türkmen topragyndaky uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň üstünlikli özleşdirilmegini üpjün edýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze Galkynyş eýýamynda hil taýdan täze derejä ýetirilýän ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meseellerine içgin üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrygy boýunça gaz iberiji toplumyň gurluşykçylaryna we işgärlerine döwlet Baştutanynyň gutlag sözleri hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we ata Watanymyzyň bähbidi ugrunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlary aýdyldy, dabara gatnaşyjylar gutlag sözlerini ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Ýurdumyzyň gaz infrastrukturasynyň täze desgasynyň işe girizilmegine bagyşlanan dabara tamamlanandan soňra, bu şanly waka mynasybetli we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.