Ï Türkmenistanyň paýdarlar banklarynyň täze edara binalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň paýdarlar banklarynyň täze edara binalary

view-icon 915
Şu gün, milli pulumyzyň – türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 18 ýyllygynyň bellenilýän gününde Amyderýanyň kenaryndaky şäherde «Garagum» Halkara paýdarlar bankynyň Türkmenabat şahamçasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol S.A.Nyýazow adyndaky şaýoluň ugrunda soňky ýyllarda gurlan häzirki zaman binalar toplumynyň üstüni ýetirdi.

«Ýyldyz» hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan taslamasy taýýarlanylan we häzirki zaman binagärlik nusgasynda gurlan, owadan bezelen 2 gatly binanyň öňüne irden köp adam ýygnandy. Artistler, sazandalar, tans toparlary çykyş edýärler. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular bank işgärlerini täze binanyň ulanmaga berilmegi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, häzir milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar. Olaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyryp, ähli babatda türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

«Garagum» Halkara paýdarlar bankynyň Türkmenabatdaky şahamçasynyň täze binasynda işgärleriň netijeli işlemegi we müşderilere işjeň hyzmat etmek üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilipdir. Binanyň birinji gatynda giň amallar zaly ýerleşýär. Onda bu ýere gelýänlere çalt we netijeli hyzmat etmek üçin hemme zatlar göz öňünde tutuldy. Iş otaglary häzirki zaman enjamlary, ýörite iş tehnikasy, kompýuterler, ygtybarly aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilipdir. Döwletara maliýe hasaplaşyklary çalt amala aşyrmak bolýar. Bu ýerde şeýle hem «Western-Ýunion» ulgamy hereket edýär.

Binany timarlamak işlerinde mermer, granit we beýleki materiallaryň gymmat görnüşler we häzirki zaman tehnologiýalary ulanylypdyr. Ýylylyk, energiýa, suw üpjünçilik ulgamlarynyň özbaşdak kömekçi desgalarynyň gurulmagy netijesinde bank edarasy ähli amatlyklar bilen üpjün edildi, awtoduralga guruldy we enjamlaşdyryldy. Bankyň binasynyň açylyş dabarasynda tutanýerli zähmet çeken gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Onuň çäkleri bolsa oňat abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.

* * *
Şu gün, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 18 ýyllygynyň baýram edilýän güni S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň şahamçasynyň açylmagy mynasybetli dabaralar boldy. “Ruhubelent” adyna eýe bolan täze şahamça ýurdumyzyň welaýatlarynyň häzirki zaman düzümini kemala getirmegiň çäklerinde soňky ýyllarda gurlan we durky täzelenen iri desgalaryň sanawyny dowam etdirdi.

20-ä golaý adamyň zähmet çekjek ýeri bolan bu şahamça ilata dürli bank hyzmatlaryny, şol sanda goýumlary çekmek we karzlary bermek, müşderileriň we bank korrespondentleriniň hasaplaryny açmak we ýöretmek, dürli görnüşdäki tölegleri kabul etmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirer. Bu welaýatda ýurdumyzyň esasy banklarynyň biriniň täze şahamçasynyň açylmagy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda etrabyň ykdysadyýetiniň çalt depginlerde ösmegi we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir.

Täze bank şahamçasy şäherçäniň merkezi böleginde ýerleşýän, “Badalga” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan doly durky täzelenen iki gatly binada ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda müşderiler bilen işlemek boýunça amallar bölümiň buhgalteriýa, girdeji we çykdajy pulhanalary ýerleşýär. Ilata amatly bolmagy üçin bu ýerde daşary ýurt puluny çalyşýan bölüm açyldy. Şol maksat bilen “Gyrat” pul geçirim ulgamy işlär. Binanyň ikinji gatynda dolandyryş otaglary ýerleşdirildi.

Täze şahamçanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň, Daşoguz welaýatynyň we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimlikleriniň, Umumymilli ‘Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, telekeçiler gatnaşdylar. Täze eýýamy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik syýasatyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Çünki şol syýasat netijesinde türkmenistanlylaryň durmuş derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar.

* * *
Ýokarda görkezilen dabaralar tamamlanandan soň wakalaryň şanyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.