Ï Aşgabatda III Halkara maýa goýum maslahaty açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda III Halkara maýa goýum maslahaty açyldy

view-icon 622
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde III halkara maýa goýum maslahaty öz işine başlaýar, oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanda ýene-de dürli ýurtlaryň hökümet we işewürler toparlarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we abraýly halkara guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.

Aşgabatda halkara maýa goýum maslahatynyň her ýylda geçirilmegi dünýäniň biznes-elitasynyň Türkmenistana, yzygiderli ýagdaýda ýokary ösüş depginlerini gazanýan milli ykdysadyýetimize hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan uly möçberli ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda - senagat edarasy tarapyndan guralan bu maslahata 330-dan gowrak adam gatnaşýar, şolaryň 120-si dünýäniň 20 ýurdundan gelen daşary ýurt wekilleridir, olaryň arasynda Söwda-senagat edaralarynyň, maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary bar. Daşary ýurt telekeçiligine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hindistanyň , Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary we telekeçilik kärhanalary wekilçilik edýärler. Galyberse-de, maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada halkara banklarynyň, maýa goýum gaznalaryyň we maliýe korporasiýalarynyň, BMG-niň, EHHG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady missiýalarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylygynyň wekilleri we bilermenler geldiler. Şeýle hem duşuşyga daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbşaçylary gatnaşarlar.

Maslahatyň maksatnamasy boýunça daşary ýurtly wekilleri türkmen döwletiniň strategiki ugurlary hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky maýa goýum syýasatynda ileri tutulýan ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Aýry-aýry mejlisleriň barşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion-industrial, şol sanda ylym boýunça ösüşi hem-de energiýa serişdeleriniň eksporta iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, oba hojalygy, dokma senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, maglumatlar tehnolgiýalary we telekommunikasiýalary, daşary söwda, telekeçilik boýunça özara arkalyşykly hereket etmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň welaýatlaryny we ýurdumyzyň gurluşyk toplumyny mundan beýläk-de ösdurmek, şäher gurluşygyna we ulag infrastrukturasyna, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň binýadynda bäsleşige ukyply syýahatçylyk industriýasynyň döredilmegine degişli meseleler goşuldy. Wekilçilikli derejede maliýe we bank düzümleriniň maýa goýum kapitalyny emele getirmekdäki ornuna we ähmiýetine, eksport, salgyt we karz syýasatyna, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamlaryna goldaw berilmegine degişli meselelere, şeýle hem daşary ykdysady we maýa goýumlary bilen bagly işleriň hukuk jähetlerine garalar.

Maslahatyň çäklerinde maýadarlaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň hökümetiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, telekeçiligiň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar, şolaryň çäklerinde dürli ugurlar boýunça bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Üç günüň dowamynda halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanda maýa goýumlary bilen bagly ýagdaý we ykdysady özgertmeler boýunça gyzyklanma bildirilýän ähli maglumatlar berler, şeýle hem olar düýpli maýa goýumlarynyň ygtybarlylygyny we netijeliligini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler bilen tanşyp, hökümete we işewürlige degişli toparlaryň wekilleri bilen peýdaly gatnaşyklary ýola goýup bilerler. Olar türkmen hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň geljekki ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetiniň ulgamyna hemmetaraplaýyn goşulyşmagy ugur edinýän ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli durmuş-ykdysady taslamalara gatnaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Dünýäniň energetika giňişliginiň täze nusgasy

Şu gün Aşgabatda “Ählumumy energetiki bazarlaryň birikmegi -- energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegi” atly iki günlük halkara maslahat açylýar

Energetika degişli bu wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Prezidlenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna goşulýan ýurtlaryň arasynda energşetiki howpsuzlygyň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Nebitgahz senagaty we mineral serişldeleri ministrldigi tarapyndan guralýar.

Energetika howpsuzlygyna degişli meseleleriň ählumumy häsiýete eýe bolmagy tutuş adamzadyň bähbidi üçin energiýa serişdeleriniň balansyny netijeli dolandyrmagyň bütindünýä ulgamyny döretmegiň zerurdygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli ýagdaýda öňe sürýän möhüm ähmiýetli başlangyçlarynyň toplumy hut şol wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we yzygiderli ýagdaýda üstaşyr geçirmek hut şol meseleleriň biri bolup durýar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu baradaky tekliplerine dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berildi we oňlanyldy, munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylda kabul edilen degişli rezolýusiýasynda berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş edende, Türkmenistanyň ählumumy energetiki arhhitekturasyny döretmegiň barşyna hem-de şu meseleler boýunça angyk çäreleriň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň BMG-niň howandarlyk etmeginde täze mehanizmiň döredilmegini -- Sebitara energetika gepleşigini geçirmegi maksada laýyk diýip hasaprlaýandygyny aýtdy.

Ählumumy energetika syýasatyna degişli möjhüm meseleler iň ýokary dejedäki halkara duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşylýar, şonda energetiki taýdan özara baglanyşyga hem-de dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň we hajatlarynyň adalatly göz öňünde tutulmagyna esaslanýan oňyn modelleri we anyk meýilnamalary döretmek ugrunda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy bellenilýär.

Aşgabatdaky şu maslahata dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, ÝHHG goşulýan ýurtlaryň syýasy we diplomatik toparlarynyň wekilleri gatnaşar, munuň özi energetikanyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekde ony ösdürmegiň çelgilerini, Türkmenistanyň strategiki ulgamdaky ornuny we ähmiýetini göz öňüne getirmäge, şeýle hem häzirki wagtla energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipelere düşünmäge we hyzmatdaşlygyň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Maslahat Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda geçiriler. Maslahatyň gün tertibine ählumumy energetika ulgamynyň hereket etmeginiň netijeliligini artdyrmak, ýangyç öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň özara arkalaşykly hereket etmegi, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň infrastrukturasyny ösdürmek, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek, täze tehnologiýalary alyşmak ugrundaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, maýa goýum ulgamynda, şeýle hem energiýany tygşytlamak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulangmak, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlar boýunça giňden hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleler goşulýar.

Energetika ulgamynda milli bähbitleri utgaşdyrmak we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek energetika boýunça türkmen diplomatiýasynyň düýpli ugry hasaplanýar, bu ugur Türkmenistanyň halkara energetika ulgamyna doly möçberde goşulyşmagyna gönükdirilendir. Soňky ýyllarda türkmen paýtagty häzirki döwrüň möhüm jähetleri boýunça wekilçilikli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Energetika howpsuzlygyna degişli meseleler boýunça şu Halkara maslahaty hem ýurdumyzyň ykdysady we geosyýasy täsirini güýçlendirmekde, dünýä derejesindäki ähmiýetini artdyrmakda we onuň adamzat siwilizasiýasynyň durmuş-ykdysady industriýasynyň esasy düzümi hasaplanýan energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.