Ï Innowasion hyzmatdaşlyga maýa goýumlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasion hyzmatdaşlyga maýa goýumlary

view-icon 953
Şu gün irden paýtagtymyzdaky «Mizan» işewürlik merkezinde Türkmenistanyň III Halkara maýa goýum maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bu forum ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda uly ähmiýete eýe bolar we dünýä döwletleriniň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açar.

Döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly üns berlip diňlenilen Gutlagynda halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň maýa goýum işiniň esasy ugurlary şöhlelendirildi. Milletiň Lideri öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we häzirki zaman derejesindäki hünärmenleri taýýarlamaga, giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge maýa goýumlarynyň gönükdirilmegini ýokary derejede ösen milli ykdysadyýeti döretmegiň möhüm çeşmesi hökmünde belledi. Şu duşuşyk hem bu hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilen Aşgabat maýa goýum maslahaty şol geçen gysga döwrüň dowamynda halkara işewürler toparynyň arasynda meşhurlyga we uly abraýa eýe bolup, wekilçilikli çärä, däp bolan pikir alyşmalar meýdançasyna öwrüldi. Onuň çäklerinde hünärmenler, döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň, işewürleriň, bilermenleriň we maýadarlaryň wekilleri türkmen bazaryndaky has möhüm wakalary, meseleleri we ugurlary ara alyp maslahatlaşmak hem-de seljermek, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik wezipeleri kesgitlemek üçin her ýyl duşuşýarlar.

Şu maýa goýum maslahatynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň häzirki zaman maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan, okgunly ösýän milli ykdysadyýetiň geljegini nazara almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň derwaýys meselelerine garamakdan, innowasion pikirler, taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmakdan, maslahata gatnaşýan döwletleriň kärhanalarynyň, guramalarynyň, kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň arasynda işewür gatnaşyklary we göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin gyzyklanma bildirýän adamlary çekmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan maslahatyň işine türkmen hökümetiniň agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahata daşary ýurtlardan gatnaşýan wekilleriň düzümi hem örän giňdir. Olar dünýäniň 20 ýurduna hem-de 8 sany iri halkara guramasyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasyna, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna, şeýle hem Halkara maliýe korporasiýasyna, Yslam ösüş bankyna, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankyna we beýleki düzümleriň birnäçesine wekilçilik edýärler.

Ýurtlaryň hökümetlerine we olaryň sebitlerine ykdysadyýet ministrleriniň, söwda-senagat edaralarynyň, halkara söwdasy boýunça komitetleriniň ýolbaşçylarynyň derejesindäki wezipeli adamlar wekilçilik edýärler. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda «Petronas», «CNPC», «Conoco Phillips», «Total», «Chevron», «Eххon Mobil», «Itochu Сorp.» ýaly meşhur we beýleki köp sanly kompaniýalaryň wekilleri bar.

Maslahatyň resmi taýdan açylyş dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylara häzirki Türkmenistan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady görkezijileri, nebithimiýa senagatynda, energetikada, ulag toplumynda, telekommunikasiýalar ulgamynda, gurluşykda, obasenagat toplumynda we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan iri maýa goýum hem-de milli taslamalar barada wideoşekilli tanyşdyrylyş hödürlenildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlary hem-de wezipeleri barada jikme-jik maglumatlar berildi. Olarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ýurdumyzyň innowasion ösüşine, halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, bazar ykdysadyýetini kemala getirmäge, telekeçilik işini höweslendirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň many-mazmuny we ähmiýeti açylyp görkezildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depgini, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň senagatynda we gurluşygynda döredilen goşmaça bahanyň ösüşiniň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň senagat-maýa goýum häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti ähli görkezijiler boýunça profisit häsiýete eýedir. Munuň özi milli pulda, şeýle hem daşary ýurt pulunda maliýe goruny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine şu sanlar hem şaýatlyk edýär: 2011-nji ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende maýa goýumlaryň möçberi 23 göterime golaý (22,7 göterim)

artdy. Maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi (şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde 38 göterimden gowrak) durmuş ulgamyny ösdürmäge we önümçilik ulgamyna—senagaty, ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan halkara syýahatçylygyny, gurluşygy we obasenagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Şoňa görä-de, Aşgabat maýa goýum maslahaty ýaly kommunikasion meýdançalary döretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Olarda döwlet, işewürlik, ylym we düýpli maýa öz tagallalaryny birleşdirip bilerler we olary umumy maksatlara ýetmäge gönükdirmäge mümkinçilik alarlar, dürli ýurtlaryň wekilleri bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşykly çözgütleri kabul edip bilerler.

Soňra maslahatyň işiniň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Mohammad Ýahýa Marufi, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy Ronald Neş, Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Aleksandr Zaharow, GFR-iň Merkezi Aziýadaky ykdysady wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýorg Hetç we beýlekiler çykyş etdiler. Olar sebitleýin maýa goýum bazarlarynda dörän ýagdaýa, bu ulgamda emele gelen soňky ugurlara syn berdiler. Her bir tarapyň bähbitlerini nazara almak bilen mega-maýa goýum-taslamany işläp taýýarlamak üçin köp ýurtlaryň mümkinçiliklerini birleşdirmek barada teklip aýdyldy. Munuň üçin bar bolan ätiýaçlyklary, döräp biläýjek töwekgelçilikleri içgin seljermek zerur bolup durýar. Başgaça aýdylanda, diňe bir ykdysadyýeti däl, eýsem, bilimi we tejribäni utgaşdyrmak möhümdir. Bellenilişi ýaly, bu babatda Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmaga zady köp. Munuň özi milli maýa goýum syýasatynyň netijeliligi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri we haýran galdyryjy netijeleri bilen tassyklanylýar.

Çykyş edenler maýa goýumlarynyň ykdysadyýetiň we durmuş taýdan ösüşiň hereketlendiriji güýjüdigini, geljekki üstünlikleriň kepilidigini hem-de maýany artdyrmagyň girewidigini biragyzdan bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň esasy ugurlary we pudaklary boýunça guralan bölümleriň mejlislerinde täze maýa goýum mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şol mejlislerde maglumatlar babatda tanyşdyryşlar hem boldy.

Hususan-da, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmäge bagyşlanan mejlisde ýokary tehnologiýalar, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, obasenagat toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmak esasynda türkmen senagatynyň ösdürilmegi üçin ylmy binýady döretmegiň meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmak we daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin şertleri döretmek meselelerine bagyşlanan mejlisde ykdysady ylymlaryň doktory, BMG-niň Ykdysady we Sosial geňeşiniň Baş maslahat beriş derejesinde Halkara maglumatlar akademiýasynyň wise-prezidenti Alekseý Tihomirowyň çykyşy uly gyzyklanma döretdi. Onuň çykyşy Türkmenistanda maýa goýum syýasatyny döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagyna we durmuş-ykdysady maksatnamalary işläp taýýarlamagyň guralyşyna bagyşlandy.

A.Tihomirow türkmen hökümeti tarapyndan çökgünlige garşy görlen oýlanyşykly çäreler, döwletiň öňdengörüjilikli netijeli ykdysady syýasaty barada aýratyn durup geçdi. Munuň özi maliýe-ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirinden sowulyp geçmäge we ony oňyn ugra ugrukdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurduň ykdysady ösüşiniň nusgasyny kämilleşdirmek boýunça häzirki günde alnyp barylýan işler onuň durmuş ulgamynyň güýçlendirilmegi, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi we dünýä bileleşigine goşulyşmagy bilen häsiýetlendirilýär diýip, A.Tihomirow belledi.

Şu mejlisiň çäklerinde Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça departamentiniň ýolbaşçysy hanym Nienke Ooms «Türkmenistan: täze ykdysady özgertmeler we düzümleýin reformalar ulgamynda ösüş» atly çykyşyny hödürledi.

Saglygy goraýşy, lukmançylyk senagatyny we derman senagaty bazaryny, aragatnaşyk ulgamyny we teleradiogepleşikler serişdelerini, maglumatlar tilsimatlaryny ösdürmek ýaly, maýa goýum işiniň möhüm ugurlaryna hem garaldy. Mejlislerde ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýlip bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda olara gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar, telekeçilik we maglumatlar alyşmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ähli taraplar üçin uly täjirçilik mümkinçiliklerine eýe bolan bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak babatda wezipeleri kesgitlediler.

Maslahatyň deslapky jemlerini jemlemäge synanyşsak, «innowasiýalar» we «goşulyşmak» ýaly düşünjeleriň şu günki edilen çykyşlaryň, tanyşdyrylyşlaryň, maslahatlaşmalaryň we geňeşmeleriň esasy meseleleri bolandygyny aýtmak möhümdir. Olar «maýa goýumlar» diýen sözler bilen bilelikde şu duşuşygyň häsiýetini kesgitledi. Çykyş edenleriň biri duşuşygy «çuň many-mazmunly pikirleriň we parasatly çözgütleri bilelikde gözlemegiň maslahaty» diýip atlandyrdy.

Ertir III Halkara maýa goýum maslahaty öz işini dowam eder.