Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda baglaşylan geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen
suwuklandyrylan gazy, kükürdi az ýangyç mazudyny, polipropileni, tehniki kükürdi satyn aldylar. M-100 kysymly mazut we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzin Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürleriň satyn alan önümleri boldy. Mundan başga hem Russiýadan, BAE-den gelen satyn alyjylar tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalary, mebel pamygyny, nah ýüplügi, pagta süýümini, Owganystandan gelen täjirler bolsa süýji önümlerini, şol sanda köp görnüşdäki wafli we köke satyn aldylar. Baglaşylan şertnamalaryň umumy möçberi ABŞ-nyň 85 million 422 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdeleriniň hasabyna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplük, egin-eşik pamygy, pagta şroty, galyndylar, mikseriň toplumy, dürli süýji we wafli önümleri ýerlendi. Olary Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, BAE, Hindistan, Pakistan, Slowakiýa, Ukraina, Azerbaýjan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlardan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 796 müň manada barabar boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri 718 müň manatlykdan gowrak möçberde 2010-njy ýylyň hasylyndan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.