Şu gün Türkmenistanyň III Halkara maýa goýum maslahaty öz işini tamamlady. Ol biziň ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrmak we ykdysadýetini döwrebaplaşdyrmak üçin peýdalanyp bilinjek usullar hakyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, syýasy toparlaryň, döwlet edaralarynyň wekillerini, işewür bileleşikleriň öňbaşçylaryny, telekeçileri, maýadarlary, alymlary, 20 ýurtdan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de hünärmenlerini türkmen paýtagtyna ýygnady.
Maslahatyň işlän üç gününiň dowamynda oňa gatnaşyjylar çalt ösýän türkmen bazarynda emele gelýän ýagdaýlary we meýilleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de seljerdiler. Paýtagtymyzyň “Mizan” işewürlik merkeziniň meýdançalarynda geçen ara alyp maslahatlaşmalaryň, geňeşmeleriň we işewür gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi we ýakyn geljek üçin türkmen döwletiniň strategiki wezipelerini nazara almak bilen, bähbitleriň galtaşýan nokatlary bellenildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan maslahat täze gatnaşyklary ýola goýmaga we bir tarapdan daşary ýurt hyzmatdaşlaryň, beýleki tarapdan bolsa pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň administrasiýalarynyň, türkmen ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz pudagynyň wekilleriniň eýýäm bar bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi, şolar boýunça daşary ýurt kärdeşlerimiz täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak hakyndaky teklipleri hödürlediler.
Halkara bilermenleriniň gatnaşmagy bilen, Türkmenistanyň we onuň welaýatlarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary hakynda, artýan ykdysady ösüşiň usullaryny kemala getirmek we Türkmenistanyň senagat, ylmy-tehnologiki we dursmuş-ykdysady ösüşine depginli itergi bermek hakynda netijeli pikir alşyldy. Mundan başga hem işewür bileleşikleriň, maýa goýum gaznalarynyň wekilleri görkezme tanyşdyryş çäreleri, hödürlenen seljeriş hasaplamalary we jikme-jik ara alyp maslahatlaşmalar esasynda maýa goýumlaryny innowasiýalara goýmagyň maksada laýykdygyna baha berip bildiler, innowasion taslamalaryň awtorlary bolsa maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli gurallary barada jikme-jik maglumatlary aldylar.
Maslahatyň işiniň birinji bölegi esasan içerki ösüş babatda hem, Merkezi Aziýa sebitinde goşulyşmak ýagdaýlaryna onuň oňyn täsiri babatda hem, şeýle hem iri transmilli we yklymara taslamalaryň, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategiki meselelerine bagyşlanyldy. BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň, Halkara banklarynyň we maliýe korporasiýalarynyň wekilleri, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, GFR-iň, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkiýäniň hökümetlerinden delegatlar we başgalar öz çykyşlarynda bu barada söz açdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň mundan beýläkki işi tagallalary birleşdirmegiň anyk ugruny, häzirki zaman innowasion düzümleri döretmekde maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky iş ýüzündäki çäreleri kesgitlemegi maksat edindi.
Türkmenistanyň saglygy goraýşyny ösdürmäge maýa goýmak meseleleri, aragatnaşyk, ulaglar we telearagatnaşyk ulgamy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de gury ýerde we deňizde ýangyç serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça bölümleýin mejlislerde has jikme-jik garaldy. Edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň howandarlygynda täsirli usullary döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi nygtaldy, olar energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün eder we şunluk bilen uly möçberli energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam berer.
Aýry-aýry mejlisleriň çäklerinde Türkmenistanyň welaýatlaryny ösdürmegiň geljegi we olaryň maýa goýum babatdaky mümkinçilikleri, gurluşyk industriýasyna we gurluşyk materiallary senagatyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, biziň ýurdumyzyň obasenagat we dokma toplumlaryny, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar daşary ykdysady işi kemala getirmekde maliýe we bank ulgamlarynyň orny we roly hakynda pikir alyşdylar. Öz çykyşlarynda eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, pul we salgyt syýasaty, bu ugruň hukuk ulgamy boýunça ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini hödürlediler.
Maslahatda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda maýa goýumlaryny goýmak üçin maýadarlara peýdaly we ygtybarly şertleri kepillendirýän häzirki zaman kanunçylyk binýady döredildi. Bularyň hemmesi Türkmenistany daşary ýurtlaryň köpüsi üçin özüne çekiji edýär we täze daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegine ýardam edýär.
Maslahatyň işiniň dowamynda myhmanlar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şeýle hem telekeçilik ugrunda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän uly möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda işewürligiň has işjeňleşendigi we daşary ýurtly kompaniýalarynyň ähli ugurlar boýunça geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we iş gepleşikleriniň barşynda özara gatnaşyklar boýunça geljegi uly meýilnamalar alşyldy.
Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde duşuşyklaryň jemlerini jemlemek we III Halkara maýa goýum maslahatynyň ýapylyş dabarasy boldy, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şol ýüzlenmede biziň ýurdumyzda mähirli garşylanandygy we halkara maýa goýum hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge we ösdürmäge mümkinçilik beren maslahatyň geçirilendigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.