Ï Ýük daşamaklyk artdy....
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýük daşamaklyk artdy....

view-icon 741
Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynyň „Derýaýollary“ önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri 10 aýyň borçnamasynyň hötdesinden geldiler. Olar göz öňünde tutulan borçnamadan million tonnadan gowrak dürli ýüki geçirdiler.

Geçirmekligiň esasy möçberi Türkmenabat-Farap we Atamyrat-Kerkiçi atlary bilen belli bolan suwuň ýüzündäki panton geçelgelerine düşýär. Bu geçelgelerde ulag akymlarynyň durnukly ösmegi sebäpli, derýaçylar ýüzýän köprüleriň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemekligini üpjün etmeklige çalyşýarlar. Biziň ulaglarymyzdan başga ýakyn we daş ýurtlardan gelýän uly ýük ulaglary Türkmenabat-Farap geçelgesinden geçýärler. Şeýle-de derýanyň sag kenaryna ýükler daşalýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, bu ýerde Bagtyýarlyk şertnamalaýyn meýdançalarynda ikinji, has kuwwatly gazy gaýtadan işleýän zawodynyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Atamyrat-Kerkiçi panton geçelgesi Lebabyň gündogarynda derýanyň ýokarky akymynda ýerleşýär. Bu geçelgäniň ähmiýeti Amyderýanyň sag kenarynda gurulýan himiýa senagatynyň iri desgasy- kaliý hloridini öndürýän magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşyk işleriniň we täze açylan Döwletli etrabynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy bilen has-da artdy.

Derýanyň aşaky akymyndan sähel aşakda uly ýuk ulaglary üçin niýetlenen paromly geçiriji hereket edýär. Ol ýerde TG-19 gämisiniň derýaçylary işleýär. Olar derýanyň iki kenaryna uly ýük ulaglarynyň geçirilmegini ýokary derejede gurnaýarlar. Beýleki parom geçelgesi Garabekewül we Hojambaz etrabyny derýanyň üsti bilen birikdirýär. Ol ýerde TG-1 gämisiniň derýaçylary zähmet çekýärler.

Täze ýerleri özleşdirmek işleriniň dowamly amala aşyrylýanlygy sebäpli, gurluşyk harytlarynyň we oba hojalyk tehnikasynyň Garagum derýasyndan geçirilişi artdy. Işiň kadaly hiç hili bökdençsiz ýerine ýetirilmegi ugrunda önümçilik birleşiginiň gämigurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işgärleri öz saldamly goşandyny goşýarlar. Şu ýyl 300 tonna ýük göterijilik kuwwaty bolan ýük gämisi abatlanyp, gaýtadan işe girizildi. Bu ýük gämisi Türkmenabadyň gämi duralgasyna gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan derýa çägesini daşaýar. Beýleki bejergi we abatlaýyş işleri geçirilen ýük gämisi indi Atamyrat-Kerkiçi geçelgesinde panton hökmünde ulanylyp, geçelgäniň möhüm bölegi boldy. Ýene-de TG-50 çekiji ýük gämisi bejerildi we öz zähmet ýoluny dowam etdirýär.