Ï Ahalyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

view-icon 774
Şu gün balkanly we maryly ekerançylardan soň Ahal welaýatynyň pagtaçylary Watanymyzyň uly harmanyna 205 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada çäksiz guwanç bilen habar berdiler.

Welaýatyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky gazanan şanly ýeňşi Köpetdagyň etegindäki jülgede gowaça ekmek üçin bölünip berlen 120 müň gektaryň her bir gektarynda kärendeçi pagtaçylaryň çeken gaýratly zähmetiniň mynasyp miwesidir. Ahally babadaýhanlar ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa aýratynlygyny nazara almak bilen, ylmy taýdan esaslandyrylan we iş tejribesinde synagdan geçen usuldan peýdalanyp, öz ekerançylyk meýdanlarynyň uly bölegine gowaçanyň ýerli şertlere has uýgunlaşan orta süýümli “133”, “Ýolöten 7” we inçe süýümli “9871-I” görnüşlerini ekdiler, munuň özi olara pagtanyň ýokary hasylyny almaga mümkinçilik berdi. Taýýarlanylan pagtanyň möçberleri boýunça welaýatyň 9 etrabynyň arasynda Baharly etraby öňde barýar. Babadaýhan, Sarahs, Tejen, Gökdepe we Altyn asyr etraplarynyň pagtaçylary hem öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Şatlykly waka – ahally pagtaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli Ruhabat etrabynyň Medeniýet köşgünde welaýatyň aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygymy heniz dowam edýär. Olar bu zähmet üstünliklerinden ruhlanyp, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altynyň” ähli hasylyny ýygnamak üçin her bir amatly güni hem-de sagady rejeli peýdalanýarlar.

Welaýatyň ekerançylary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda buýsanç bilen habar berip, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasaty has ýokary netijeleri gazanmaga höweslendirýär diýip bellediler hem-de milletiň Liderini özleri baradaky atalyk alada ýadawsyz zähmetleri bilen jogap berjekdiklerine, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan, türkmen halkynyň eşretine we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.