Ï Türkmenistan äleme Ýeriň emeli hemrasyny çykarar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan äleme Ýeriň emeli hemrasyny çykarar

view-icon 963
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň Hökümetiniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň

milli emeli hemrasynyň taslamasyny düzmek, döretmek we älem giňişligine çykarmak boýunça Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Fransiýa Respublikasynyň “Tales Alenia Spaсe” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama bar. Şeýle hem minitsrlik “Spaсе Systemс International Monaсo S.A.M.” kompaniýasy bilen orbita nokadyny kärendä almak babatda ýene bir şertnama baglaşdy.

“Türkmenistany milli emeli hemra bilen üpjün etmek hakyndaky” taslamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine gatnaşmak üçin “Tales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň dünýädäki satuwlary boýunça uly wise-prezidenti jenap Erik Imbert hem-de “Spaсе Systemс International Monaсo S.A.M.” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory jenap Ilhami Aýgün türkmen paýtagtyna geldiler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, bu ulgama iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Bu agentlik ýeriň golaýyndaky orbita gözegçilik etmek, emeli hemra arkaly aragatnaşygy ýola goýmak, kosmos giňişligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem emeli hemranyň Türkmenistanyň çäginden dolandyrylmagyny guramak boýunça wezipeleri amala aşyrmalydyr.

Öz hemramyzyň bolmagy diňe bir ýurdumyzda aragatnaşyk we Internet ulgamlaryny, telewideniýäni ösdürmäge ýardam etmän, eýsem ekologik maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň täze ýataklaryny gözlemegiň usullaryny kämilleşdirmäge ýardam eder.

Ministrler Kabinetinde bolan ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasynyň barşynda belli daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistan bilen işewürlik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler, ýurdumyzda işewürçiligi netijeli ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini bellediler hem-de öz şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Şeýle hem “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy kosmos senagatynyň dünýäde ykrar edilen öňdebaryjylarynyň biri, Ýewropanyň “Kosmos Alýansynyň” bir bölegi bolup durýar. Kompaniýanyň Fransiýada, Italiýada, Belgiýada we Ispaniýada iri kärhanalarynyň ulgamlary bolmak bilen, ol esasan hem dürli maksatly hemralary we olar üçin enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Ol Ýeri distansion zondirlemek, goranyş we howpsuzlyk, nawigasiýa we ylym boýunça çözgütleriň standartlaryny işläp taýýarlaýjy hökmünde özüni tanatdy.

Umuman, şu günki waka Türkmenistanyň okgunly ösmeginde, ýurdumyzda giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda örän möhüm ädim boldy.