Ï Şekeriň önümçiligi artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şekeriň önümçiligi artdyrylýar

view-icon 2003
Türkmenistanyň azyk önümleri assosiasiýasynyň „Maryşeker“ paýdarlar jemgyýeti ýerli şekeri öndürmegiň möçberini artdyrýar. 2011-nji ýylda 5,8 müň tonna şeker öndürilip, ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji 11 müň tonna barabar bolar.

Ýurtda geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriň çäklerinde „Maryşeker“ paýdarlar jemgyýeti çig maly öndüriji daýhanlar bilen ikitaraplaýyn bähbitli şertnama esasda işi gurnaýarlar, bu bolsa gant şugundurynyň önümçiliginiň artdyrylmagyna itergi berdi.

Mary welaýatynyň şugundurly meýdanlarynda güýzki hasyly ýygnamak boýunça işler dowam edýär. Hasyl ýygnamaklyk işleri öz wagtynda, ýagny şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda başlandy. Türkmen şugundyrçylaryň bellemegine görä, şu ýylyň ýygym işleri geçen ýylka garanyňda öňde barýar we şu güne çenli 37 müň tonna gant şugundury taýýarlanyldy.

Oba hojalyk öndürijileriň şertnamalaýyn meýilnamasyna laýyklykda 2011-nji ýylda gant şugundury 14900 gektarda ösdürilip ýetişdirilýär. Belli bolşy ýaly şugundur „aralyk“ ösümligi bolup, ol meýdanlarda iki gezek (güýzde we ýazda) güýzlük bugdaýyň hasyly ýygylandan soň ekilýär. Gant şugundurynyň 11 900 gektar meýdanynda ekilen ikinji güýzki ýygym tapgyryny täze ýylyň başynda tamamlamaklyk göz öňünde tutulýar.

2007-nji ýylda zawodda kämilleşdiriş işleriniň geçirilmegi şekeriň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Zawodyň tehniki enjamalary täzelendi, öndüriji bölümler kamil häzirkizaman kömekçi tehniki enjamlar bilen üpjün edildi, zawodyň esasy we kömekçi bölümlerinde düýpleýin abatlaýyş işleri geçirildi.