Şu gün, türkmen halky tarapyndan giňden we dabaraly bellenilýän Hasyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda oba hojalygynda gazanylanlar” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň oba hojalygy boýunça esasy hünärmenleri, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem oba hojalygynyň öňdebaryjylary, Türkmenistanyň oba hojalygyna degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy tarapyndan guralan maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň senagat toplumyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri bilen bagly meselelere, hususan-da, oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan täze ugurlaryna, ekerançylygyň medeniýetiniň hem-de gowaçanyň, dänelik we beýleki ekinleriň hasyllylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, döwrebap tehnikanyň we tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna, ýurdumyzda maldarçylygyň ösüşini täze derejä çykarmaga we beýlekilere degişli meselelere aýratyn üns berildi. Oba senagat toplumynyň esasy hünärmenleriniň geçiren ylmy-amaly tejribelerine bagyşlanan çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde oba hojalygy pudagynyň iň gowy işgärlerine, alymlara hem-de kärendeçi pagtaçylara, ekerançylara, pagta ýygymyna gatnaşan kombaýnçylaryň we sürüjileriň arasynda geçirilen däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle bäsleşik her ýyl Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasy, “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik banky, “Türkmenpagta” Döwlet konserni, şeýle hem “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazýetleriniň redaksiýalary tarapyndan daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek, oba hojalyk önümçiliginiň netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam etmek maksady bilen guralýar. Ýeňijileriň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler hem-de şonda döwlet Baştutanyna pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, türkmen obasyny we oba zähmetkeşleriniň abadançylykly durmuşyny galkyndyrmak üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagynyň hatyrasyna alyp barýan işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler we milletiň Lideriniň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny geljekde-de kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini berjaý etmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini we tejribelerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.