Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň „Balkan“ azyk kärhanasynda abatlaýyş işleri geçirilenden soň et we süýt önümleri öndürmegiň möçberleri artdy.Indi kärhana gije –gündiziň dowamynda 5 t golaý süýt we 1,4 tonnadan artyk et önümlerini gaýtadan işleýär.
Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýerleşen senagat kärhanasy şol bir wagtda maldarçylyk desgasy hem bolup dur. Kärhananyň hususyýetçiligindäki hojalygy ony ýokary hilli çig maly bilen gerekli mukdarda üpjün edýär. Zerur ýagdaýynda et we süýt önümleri hususy hojalyklardan hem satyn alynýar.
Çig önümiň hilini saklaýan tehniki enjamlaryň netijeliligi babatynda bu pudakda talap güýçli. Sagylan süýdi täze enjamyň üsti bilen sowadyp, ony ýöriteleşdirilen ulag bilen kärhanana ýetirilmegi önümiň hilini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.
Kärhanada häzirkizaman gaplaýjy enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen önümçiligiň möçberlerini köpeltmeklige mümkinçilik döredi. Pudak boýunça ilkinji gezek germetikli plastik gaplar bu kärhanada ornaşdyryldy we süýt önümleriniň täze gaply görnüşleri alyjylara hödürlenýär.
Kärhana öndürýän önümleriniň görnüşlerini köpeltmäge taýýarlanýar. Ýakynda söwda merkezlerde 100gr- 1 kg. çenli dorag, 100gr. 1kg çenli peýnir we ençeme görnüşli gaplanan dürli önümleri peýda bolar.
„Balkan“ kärhanasynyň önümleri uly islegden peýdalanýar. Kärhana et –süýt önümleriň gaýmak, süýt, gatyk, miwe ýogurtlary, mesge ýagy, peýnir, aýran, süýtli we şokoladly gaýmak şeýle hem şöhlatlaryň dürli görnüşleri öndürýär. Azyk kärhanasynyň tehniki enjamlarynyň kämilleşdirilmegi ýylda 1000 tonna golaý süýt önümlerini we 200 tonna golaý et önümlerini öndürmäge mümkinçilik berer.