Lebap welaýatynyň „Türkmenmallary“ paýdarlar jemgyýetiniň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşlatmak üçin 142 müň tonnadan gowrak iým taýýarlandy. Bu bolsa tabşyrykdan 6 müň tonna artyk. Olaryň deň ýarysyndan köp bölegini irimçik iýmler, galan bölegini bolsa ýorunjanyň bedesi, adaty otlar, ýokumly iýmler, saman, mekgejöweniň gury baldaklary we mäjim tutýar. Bu ätiýaçlyk iýmler 45 sany ot-iým taýýarlaýjy toparlaryň we kärendeçi çopanlaryň güýji bilen taýýarlanyldy. Taýýarlyk işlerini geçirmeklik we iýmiň möçberini ýokarlandyrmaklyk kyrk sany häzirkizaman täze tehnikalaryň güýji bilen mümkin boldy.
Iýmler gyşlatma meýdanlaryna ýokary geçijilige ukyply ulaglaryň üsti bilen getirilip, iýmleriň daşyna germew aýlanylyp, küdelenip taýýar edildi. Bu öri meýdanlaryna 290 müň janly sany bolan maýda şahly mallaryň ählisi hem geçirildi.
Howanyň ygally we doňaklyk bolan ýagdaýlary göz öňünde tutulyp 455 sany agyllar taýýarlanyldy. Bu gyşlatma möwsüminde çölüň dürli ýerlerinde ýene-de 7 sany agyl guruldy. Ýyly howaly günlerde goýunlary saklamak üçin ýataklar hem abatlanyldy. Çölde mallary suw bilen üpjün etmek üçin guýularyň sany ýeterlik.