Şu gün, ählihalk baýramçylygynyň – Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän Türkmenistanyň pagta önümleriniň I halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu sergi-ýarmarkasy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Forumyň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, minitsrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Umumymilli "Galkynyş" hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap we olara üstünlikli hem-de netijeli işlemegi arzuw edip, “geçirilýän bu sergi-ýarmarkanyň Türkmenistanyň oba hojalygyny, pagtany gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmekde ýeten sepgitlerini görkezmek bilen birlikde, bu ugurdaky dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzda giňden ornaşdyrmaga, “ak altynyň” ýokary hasylyny öndürmek, pagta önümçiligini has-da ösdürmek babatda amala aşyrýan özgertmelerimiziň has-da netijeli bolmagyna uly ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip belledi.
Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, “berkarar türkmen döwleti dünýäde gowaçanyň iň gadymy mekanlarynyň biri hökmünde bellidir. Güneşe baý bereketli hem-de sahawatly türkmen topragynda ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri, ýol-ýörelgeleri halkymyzyň durmuşyna, aňyna mäkäm ornap, bu günki gün hem bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda türkmen daýhanlarynyň halal, päk zähmet çekip, merdana halkymyzyň rysgalynyň aýrylmaz bölegi bolan pagta taýýarlamakda gazanýan zähmet üstünlikleri hemmämizi guwandyrýar. Hut olaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde, türkmeniň “ak altyna” deňeýän pagtasynyň ady arşa göterilip, şan-şöhraty gaýtadan dünýä ýüzüne ýaýyldy”.
Ilkinji gezek geçirilýän bu çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriň amala aşyrylyşynyň barşynda Türkmenistanda pagtaçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Eksporta gönükdirilen önümleriň biri hökmünde pagtanyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işler pagtanyň ýokary önümli görnüşlerini taýýarlamagyň, olary welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen ýerleşdirmegiň hem-de zerur bolan agrotehniki kadalary berjaý etmegiň hasabyna amala aşyrylýar.
Pagtaçylygyň we obasenagat toplumynyň beýleki pudaklarynyň önümleriniň, oba hojalyk tehnikalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sergisi halkara forumyň birinji gününiň esasy wakalarynyň biri boldy. Oňa Türkmenistandan we daşary ýurtlardan wekiller, pagtaçylykda we oba hojalygynyň beýleki ulgamlarynda Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan dünýäniň ýigrimi ýurdundan meşhur kompaniýalar we kärhanalar gatnaşdylar.
Sergi-ýarmarkasynyň açylan ilkinji pursatlaryndan sebitdäki iri sergi merkezinde açyklyk, işewürlik ýagdaýy höküm sürdi. Foruma gatnaşyjylar özara işjeň pikir alyşdylar. Olaryň arasynda
“Cotton Outlook” halkara agentliginiň we Halkara pagta assosiasiýasynyň (Beýik Britaniýa), Hytaýyň Pagtaçylyk assosiýasiýasynyň, “Rus pagta bileleşiginiň”, “Central Cotton Company LTD”, “Wakefield Inspection Services Ltd” we “Synder LTD” (Beýik Britaniýa), “ICT Cotton Limited” (Saud Arabystany Patyşalygy), “Paul Reinhart AG”, “Jecot S.A.”, “Rezana Trading S.A.” we “ECOM Agroindustrial Corp Ltd” (Şweýsariýa), “SGS Uzbekistan Ltd”, “CIFAL Group” (Fransiýa), “Cottonex Anstalt” (Lihtenşteýn), “Dilosystems”, we “Otto-Stadtlander GmbH” (Germaniýa), “Mezhtrans Moldova”, “Maschio Gaspardo” (Italiýa), “SIGNALS-P” (Latwiýa), “International Trading Company” (Russiýa), “O’ ZINTERIMPEKS” we “Uzprommashimpeks” (Özbegistan), “AgroBest Grup” (Türkiýe), “Olam International LTD” (Singapur), “Daewoo International Corporation” (Günorta Koreýa), “TOYOSHIMA” (Ýaponiýa), “Shadong Swan Cotton Industrial Machinery Stock Co., Ltd”, “Xinjiang Yinlong International Auricultural Cooperation Co., Ltd” we “SHANDONG HONGRUN GREASE SO., LTD” (Hytaý), “Avery Solution INK” (Panama) kompaniýalarynyň, “Dneprkožgalanteriýa” (Ukraina), OOO “Al Teks” we “LP-Tehnologii” önümçilik kärhanalarynyň, “Batson” Söwda öýüniň, “Medtekst” önümçilik birleşiginiň, “Kineşemsk pagta egriji fabrigi” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň we “Şýolkowo Agrohimiň” (Russiýa), Hytaýyň Milli pagta biržasynyň, Halkara yslam söwda-maliýe korporasiýasynyň (Saud Arabystany Patyşalygy) we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.
Sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň şeýle uly düzümi halkara forumynyň çäklerinde halkara guramalary we kompaniýalary, pagta süýümini sarp edijiler bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk meseleleriniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna şaýatlyk edýär. Söwdada, pagtany gaýtadan işlemekde, dokma we azyk senagatynda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň we firmalaryň wekilleri türkmen pagtasynyň hil babatdaky görkezijileri, taýýar önümiň iň täze nusgalary, pagta çig malyny gaýtadan işlemekde gazanylanlar, önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalary, şeýle hem söwda we logistika meseleleri bilen tanşarlar.
Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň pagtaçylyk ulgamynyň we obasenagat toplumynyň beýleki pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini aýdyň açyk görkezýän pawilonlar daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Sergi-ýarmarkasynyň uly sanawynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan we suwarmagyň amatly tehnologiýalaryndan, dökünleri ulanmakdan, zyýanly mör-möjeklere hem-de kesellere garşy göreşmekden başlap, pagta çig malyny senagat taýdan gaýtadan işlemäge çenli “ak altyny” öndürmegiň ähli ugurlary öz beýanyny tapypdyr. Mälim bolşy ýaly şu ýyl türkmen pagtaçylary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, uly üstünlik gazandylar.
Bol hasylyň ýetişdirilmegi, ilkinji nobatda, tohuma baglydyr. Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ýöriteleşdirilen saýlama tohumçylyk hojalyklarynyň 37-si döredildi. Olar gowaçanyň, şeýle hem gallanyň saýlama, ýokary hasylly we kesellere garşy durnukly tohumlaryny ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet sanawyna gowaçanyň özleşdirilen sortlarynyň 30-a golaý görnüşi girizildi. Olar tiz ýetişýändigi, ýokary hasyllygy we süýüminiň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Pagtaçylygyň tehniki binýadyny pugtalandyrmaga hem uly serişdeler goýberilýär. Şunuň netijesinde häzir pudagyň tehniki parkynyň esasyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijilerinden getirilen iň täze we ýokary öndürijilikli maşynlar hem-de enjamlar düzýärler.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmakda tohumçylygy ösdürmekde, ylma aýratyn orun berilýär. Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty gowaçanyň täze görnüşlerini çykarmak we ornaşdyrmak, şeýle hem bu oba hojalyk ekinini kämilleşdirmegiň beýleki derwaýys meseleleri bilen meşgullanýar. Institutyň dünýä sort sanawynda sort toplumylarynyň 1000-den gowragy
bar. Olaryň tohumlary yzygiderli täzelenýär we täze sortlary çykarmak üçin seleksiýa işinde ulanylýar. Häzirki wagtda çenli institutyň alymlary tarapyndan önümçilige gowaçanyň 8763-I, 9078-I, Aş-25, 9871-I, 9938-I, Ýolöten-5, Ýolöten-14, Ýolöten-21 we Ýolöten-32 ýaly inçe süýümli, şeýle hem Ýolöten-7, Ýolöten-267 ýaly orta süýümli sortlary ýetişdirildi we önümçilige ornaşdyryldy. Olar ýurdumyzyň ykdysadyýetniň ösmegine saldamly goşant goşdylar.
Häzir türkmen pagtasy milli dokma senagaty üçin esasy çig mal bolmak bilen çäklenmän, eýsem gymmatly eksport önümi hem bolup durýar –türkmen “ak altyny” Hytaýa, Russiýa, Angliýa, Koreýa, Türkiýä, Eýrana, Indoneziýa, Singapura, Ukraina, Latwiýa, Litwa we beýleki ýurtlara iberilýär.
Sergide ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary – oba hojalyk, suw hojalyk, tebigaty goramak ministrlikleri, Azyk senagaty assosiasiýasy, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat”, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, “Türkmenmallary” paýdarlar jemgyýeti, “Türkmenpagta” we “Türkmendökün” döwlet konsernleri, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Türkmenistanyň Dokma senagaty minsitrligi, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlary, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, ýurdumyzyň Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty, Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti, S.Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýeti, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň welaýatlardaky kärhanalary, “Ak altyn” pagta söwda kärhanasy, telekeçiler we beýlekiler öz stendlerini hödürlediler.
Foruma daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň -- “IPC. Agri”, “Klaas”, “Tehno-serwis”, “CatZeppelin”, “EGC Ergin Group”, “Zimatic”, “Komat’su”, “Ýaraw”, “M&M”, “AgroBest Grupp”, “Şelkowo-Agrohim”, “Signals-P”, “Olam International LTD”, “Paul Reinhart AG”, “Kiehne-Magel”, “Nanuang Red Cotton Group”, “ECOM Agroindustrial Corp. Ltd”, “Lummus Corporation”, “Suvet Commodities”, “Daewoo International Corporation”, “Interneba Company LTD”, “Maschio Caspardo”, “Baf” we “Rushim” ýaly kompaniýalaryň stendleri hem uly gyzyklanma döretdi.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Bu maslahat pagtaçylyk pudagyny ösdürmegiň, dünýäniň pagta bazarynyň derwaýys meselelerine, pagtaçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman ugurlaryna we geljegine bagyşlanýar. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler, pudagyň geljegi, obany mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler, hususan-da, oba hojalyk öngümçiliginiň täze netijeli ykdysady gurallary, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada hödürlenen maglumatlar uly gyzyklanma döretdi.
Ertir Türkmenistanyň pagta önümleriniň I halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdirer. Onuň çäklerinde birža söwdalary we önümleri eksport edijileriň we türkmen “ak altynyny” alyjylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler. Daşary ýurtly myhmanlar şeýle hem Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasy bilen tanşarlar. Olar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şu maksatnama laýyklykda, myhmanlar Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler.