Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň sekiz sany tomat-konserwa kärhanalary ýyllyk borçnamasynyň hötdesinden geldiler we önümçiligiň möçberlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrýarlar. Ilkinji 11 aýyň jemi boýunça pudakda 42 million şertli gap önüm öndürdiler. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 1,5mln. şertli gap önümi artyk öndürilendir.
Kärhanalar gaýtadan işlemeklige we önüm öndürmeklige ýöriteleşdirilen bolup, olaryň käbirisi oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek bilen hem meşgullanýarlar. Ahal welaýatynyň „Ruhubelent“ paýdarlar jemgyýeti özüniň 500 ga. meýdanynda pomidorlaryň ýylda 10 müň tonnasyny ýetişdirýär. Paýdarlar jemgyýeti öz hasylyndan daşary önümçilik üçin daýhanlardan hem önüm satyn alýar.
Pudagyň kärhanalary önümleriniň görnüşini köpeltmek boýunça hemişe zerur işleri geçirip durýarlar. Halkda isleg bildirilýän tomat goýaltmasy , ketçup, mürepbeler, miwe suwlary, dürli marinadlar, konserwirlenen gök önümler öz görnüşleriniň dürliligi bilen tapawutlanýarlar.
Miwe suwlarynyň önümçiligi hem ýokary depginlerde ösýär. Ýerli çig maldan tomat içgisi öndürilýär. Kärhanada miwe we gök önümlerinden tebigy suwlaryň önümçiligi hem ýola goýlan. Lebap welaýatynyň kärhanalarynda türkmen almasyndan, erikden, beýiden we käşirden ýokary hilli miwe suwlary taýýarlanýar. Şu ýylyň ikinji ýarymynda Ruhabat etrabynyň „Ruhybelent“ paýdarlar jemgyýeti täze görnüşli önümleriň, türkmen reýhanyndan we itburun ösümliginden taýýarlanýan içgileri hem halka hödürledi.
Miwe we gök önümleri täzeden işlemek boýunça kuwwatly desgalaryň işi kämilleşdirilýär. Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň „Jeýhun“ tomat – konserwa kärhanasynda ýakyn wagtda göz öňünde tutulýan giň gerimli abatlaýyş we kämilleşdiriş işleri bu pudagyň ösdürilmeginde möhüm ädim bolar. Kärhanada geçiriljek işler onuň kuwwatyny birnäçe esse artdyryp ýylda 4 million şertli gap miwe we gök önüm konserwalaryny öndürmäge mümkinçilik döreder.