Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi Köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň I Halkara sergi-ýarmarkasy tamamlandy, bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ilkinji gezek geçirildi.
“Türkmenpagta” Döwlet konserni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu çäre Türkmenistanyň oba senagat pudagyndaky düýpli özgertmelere gönükdirilen ugruň üstünlige getirýändigini, ýurdumyzyň giň möçberli halkara hyzmatldaşlygy üçin açykdygyny we muňa taýyndygyny, şeýle hem oba hojalyk pudagynda strategik taýdan möhüm orny eýeleýän pagtaçylygyň durmuş we ykdysady taýdan wajypdygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Sergi- ýarmarkasyna abraýly halkara guramalyrynyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Lihtenşteýniň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň Wirgin adalarynyň, Singapuryň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Panamanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň pagtaçylyk assosiasiýalarynyň we biržalarynyň, kompaniýalaryň, önümçilik kärhanalarynyň, oba hojalygyna degişli birleşikleriň we guramalaryň, söwda öýleriniň, söwda-maliýe korporasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Sergi ýarmarkasynda “Lummus Corporation”, “Zimmatic” we “IRC. Agri” (ABŞ), “Claas”, “Cat Zeppelin”, “Kuehne + Nagel” we “Basf” (Germaniýa), “Tehno-serwis” we “Ýaraw” (Belarus Respublikasy) “AgroBest Grupp” we “EGC Ergin Group” (Türkiýe), “Komat su” (Ýaponiýa), “Paul Reinhart AG”, “ECOM Agroindustrial Corp. Ltd” we “M&M” (Şweýsariýa), “Şelkowo-Agrohim” (Russiýa Federasiýasy), “Signals-R” (Latwiýa), “Olam Imternational LTD” we “Daewoo International Corporation” (Günorta Koreýa), “Nanyang Red Cotton Group” (Hytaý), “Suvet Commodities” (BAE), “Intermeba Company LTD” (Beýik Britaniýa), “Mascehio Caspardo” (Italiýa) we “Rushim” (Moldowa) ýaly daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.
Bu çäräniň çäklerinde geçirilen “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly Halkara ylmy maslahat önümçiligiň, gaýtadan işlemegiň, ýerlemegiň, sarp edişiň we dünýäde pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygynyň, öňde baryjy ylmyň we tehnikanyň netijelerini oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň we bu pudygyň infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine degişli möhüm ähmiýetli meselelere bagyşlandy.
Maslahatda Reý Batler (Cotton Outlook” Halkara agentliginiň baş redaktory we dolandyryjysy), Keý Hýus (Halkara pagtaçylyk assosiasiýasynyň dolandyryjy direktory), Wang Jiohong (Hytaýyň Pagtaçylyk assosiasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary), Krişman Ramamurti (Saud Arabystany Patyşalygynyň Halkara yslam söwda-maliýe korporasiýasynyň geňeşçisi) Robert Jon Karter (“Central Cotton Compani LTD” kompaniýasynyň prezidenti) we Galina Fişer (“Cotton Outlook”) halkara agentliginiň GDA ýurtlary boýunça redaktory) we beýlekiler çykyş edip, hususana-da, türkmen döwletiniň oba hojalyk syýasatynyň oňyn netijelere eýe bolýandygyny, şonuň çäklerinde oba hojalygyny yzygiderli ösdürmek boýunça netijeli ädimleriň ädilýändigini hem-de pagtaçylyk pudagyny ösdürmek we dünýäniň pagta bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýokary hilli pagtanyň öndürilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini bellediler.
Bu çäräniň işiniň jemleýji gününiň birinji ýarymynda oňa gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň döwrebap dokma kärhanasy bilen tanyşdylar. Bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal ulanmaga berlen bu kärhana ýurdumyzda pagta we sintetiki süýümlerden garyşyk ýüplügi öndürýän ilkinji fabrikdir, bu ýüplük berkligi, çeýeligi we beýleki artykmaç taraplary bilen tapawutlanyp, diňe bir içerki däl-de, dünýä bazarynda-da uly isleg bildirilýän önüm hasaplanýar.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň I Halkara sergi-ýarmarkasy resmi ýagdaýda tamamlandy.
Halkara forumynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy bolup geçdi.
Halkara çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda türkmen topragyndaky bu duşuşygyň göwnejaý guralandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, onuň özara bähbitlere we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrülendigini bellediler.