Serdarabadyň pagta arassalaýjy kärhanasynda şu güne çenli 22 müň tonnadan gowrak pagta gaýtadan işlenildi. Lebap welaýatynyň pagtany gaýtadan işleýän iri kärhanasy bolan bu pagta arassalaýjy zawodynda Serdarabat etrabynda taýýarlanan pagtanyň 40% işlenilýär.
Kärhananyň barlaghanasynyň maglumatyna laýyklykda önüm talap edilýän ölçeglere doly laýyk gelýär. Gaýtadan işlemekligiň dowamynda alynýan pagta çigidi welaýatyň „Azyk“ önümçilik birleşiginiň Türkmenabatdaky ýag-ekstarksiýa kärhanasyna iberilýär. Kärhananyň ammarlaryna eýýäm 8 müň tonna pagta çigdi ýollanyldy.
Häzirki wagtda kärhanada tehniki çig maly gaýtadan işlemeklik dowam edýär. Ekiljek tohumy taýýarlamaklyk işleri indiki ýyl başlanar. Munuň üçin üç müň tonnadan gowrak inçe süýmli pagtanyň „Ýolöten-7“ sorty kabul edildi. Düzgüne laýyklykda bu pagta aýratyn saklanmaly we bu sortuň başga sortlar bilen garyşmazlygy üçin gaýtadan işlejek tehniki enjamlary gowy arassalamaly.
Taýýar önümi talaba laýyk şertlerde aýap saklamak üçin kärhanada ammarlaryň, şol sanda ýylylyk we çyglylyk derejesini awtomatik usulda kadalaşdyrýan ammarlaryň hem gurluşygy dowam edýär. Bu bolsa pagta süýmüniň hiline we harydyň görnüşine öz oňyn täsirini ýetirer.
Kärhananyň önümi Aşgabatdaky pagta egriji toplumyna, Baharlyda we Türkmenabatda ýerleşýän pagta egriji kärhanalaryna, şeýle-de daşary ýurt bazarlaryna , esasan hem Ýewropa ýurtlaryna ugradylýar.
Ýakyn geljekde Lebap welaýatynda pagta süýmüniň we ekiş tohumlaryň öndüriliş möçberleri has-da artdyrylar. Indiki ýyl Garabekewül etrabynda ýylda 40 müň tonna çig malyny gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň gurluşygy başlanar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň abatlaýyş we tehniki taýdan kämilleşdiriş işlerini geçirmeklik we kärhananada pagtany gaýtadan işlemek kuwwatlylygyny ýylda 60 müň tonna ýetirmeklik göz öňünde tutulýar.