Ï Türkmenistan-Türkiýe: däbe öwrülen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Türkiýe: däbe öwrülen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 818
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşginde açylan Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn berkeýändigini alamatlandyrýan ajaýyp waka boldy. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi tarapyndan sergileri geçirmek boýunça iri operatorlaryň biri hasaplaýnan “MERIDYEN” türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda guraldy.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň ýolbaşçylary, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny üsn berip diňlediler. Döwlet Baştutanymyz sergä gatnaşyjylary gutlap, olara üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw etdi hem-de beýik özgertmeler eýýamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belledi. Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň gerimi giňäp, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyrylýar. Häzir bu hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara derejesinde baglaşylan dürli ylalaşyklaryň 100-den gowragyny öz içine alýar.

Türkiýäniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän esasy kompaniýalarynyň 70-e golaýy sergide öz harytlaryny görkezýärler. Şolaryň arasynda “BURС TÜRKMEN”, WETONSTAR”, “AZIM OTOMOTIV”, “BEKO TURKMENISTAN”, “BURDA BEBEK ANNE”, “ERSUR TEKSTIL”, “AK REN”, “BIEN SERAMIK”, “BOOM MAKINA”, “BURUС HALIСILIK”, “FRESA” we beýlekiler bar. Sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň dürli sebitlerinden—Stambuldan, Ankaradan, Izmirden, Mersinden we beýleki ýerlerden işewürleriň 130-syndan ybarat düzümdäki wekiliýet Aşgabada geldi.

Köp ugurly sergidäki Türkiýäniň ekspert harytlary belli-belli bölümlere bölünip, Türkiýäniň gurluşyk enjamlaryny, gurluşyk materiallaryny, dokma önümlerini, awtomobilleriň şaý-seplerini, durmuşda ulanylýan tehnikany, kosmetiki serişdeleri, azyk önümlerini we mebeli öndürmek boýunça öňdäki orunlary eýeleýän önüm öndürijileriň kämil tehniki täzelikleri görkezilýär. Bu sergi dürli ugurlaryň toplumy boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyň düşünje almaga ýardam edýär.

Gurluşyk materiallaryna we gurluşyk pudagy üçin enjamlara degişli bölümdäki kompaniýalaryň sany has-da köpdür. Sergä gelenlere lak-reňk önümleriniň, keramiki plitalaryň, pola düşelýän örtükleriň, poliurentan sendwiç-panelleriň, pwn-dan we alýuminden ýasalan enjamlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde elektrik kabelleriniň dürli görnüşlerini, benzin sorujy döwrebap enjamlary, ýylmaýjy we türba kesýän gurallary we başga-da birgiden zatlary görmek bolýar.

Innowasion tehnologiýalaryň görkezilýän ýerleri bu sergä gelenlerde, ilkinji nobatda inžener-tehniki işgärlerde we talyplarda has uly gyzyklanma döretdi, çünki Türkmenistanyň çalt depginlerde ösýän ykdysadyýeti tarapyndan bu innowasion tehnologiýalara uly gyzyklama bildirilýär. Sergidäki ekspozisiýada hemra arkaly aragatnaşyk ulgamlary, nawigasiýa serişdeleri, radarlar, barlaghanalarda ulanylýan we metrologik enjamlar, ýollary yşyklandyrmak maksady bilen gün energiýasyny almak üçin niýetlenen enjamlar görkezilýär.

Şu gün açylan sergi biziň ýurtlarymyzyň arasynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilýän döwründe guraldy. Türkmenistanda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa etmek strategiýasy amala aşyrylýar, munuň özi söwda-ykdysady we maýa goýumlar bilen bagly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hem-de iri möçberli halkara taslamalaryna gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň türk komppaniýalarynyň geçirien ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň, şeýle hem şu günüň ikinji ýarymynda sergi köşgünde başlanan köp sanly tanyşdyrylyş dabaralarynyň barşynda Türkiýäniň işewür toparlarynyň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryndaky orunlarynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýandygy has-da aýdyň äşgär boldy.

Tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşyjylar netijeli işewür gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, dürli önümçilik ulgamlarynda giňden tejribe alşylmagynyň ýola goýulmalydygyny aýtdylar. Olar Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Şu serginiň açylmagy beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýöredilýän “açyk gapylar” syýasatynyň, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkiýe bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň üstünlige getirýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrülip, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna degerli ýardam berer.

Ertir sergi öz işini dowam eder.