Ï Türkiýe Respublikasynyň eksport hartylarynyň sergisi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýe Respublikasynyň eksport hartylarynyň sergisi öz işini tamamlady

view-icon 714
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport hartylarynyň sergisi öz işini tamamlady, bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkie Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi, şeýle hem “MERIDYEN” halkara sergi kompaniýasy tarapyndan guraldy.

Eýýäm däbe öwrülen bu sergi Aşgabatda sekiinji gezek geçirilýär, şonda Türkiýäniň dürli sebitleriniň 70-den gowrak kompaniýalary we firmalary senagat boýunça öz täze kuwwaty we eksporta degişli mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Serginiň işine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Ahmet Ýakyji tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet Stambuldan türkmen paýtagtyna ýörite geldi.

Şunuň ýaly wekilçilikli serginiň yzygiderli geçirilip durulmagy türk kompniýalarynyň Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly isleg bildirýändiginee şaýatlyk edýär. Öz gezeginde Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we döwrebapladyrmak boýunça uly üstünliklere eýe bolmak arkaly, has kämil tehnologiýalaryň giňden çekilmegine, netijeli we ykdysady taýdan amatly bolan döwrebap materiallaryň ulanylmagyna, dünýäde toplanan täze we öňdenbaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.


Üç günüň dowamynda sergä Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, işewür toparlarynyň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky kärhanalaryň hünärmenleri gelip gördüler. Olaryň sergi bilen tanşyp, türkiýeli önüm öndürijileriň eksport boýunça täze mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik döredildi.

Şu sergi türkmen ykdysadyýetiniň çalt depginde ösdürilýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi, şunda möhüm ähmiýetli ugurlaryň birnäçesi boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň bilelikdäki işleri amala aşyrmagy, ýurdumyzyň ygtybarly işjeň-hyzmatdaş hökmünde halkara derejesindäki at-abraýnyň ösdürilmegi üçin oňaýly ýagdaýlaryň döredilmegine badalga berilýär.

Türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýän ugurlary sergä gatnaşýan kompaniýalaryň düzümine öz täsirini ýetirdi. Sergide gurluşyk materiallaryny öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň sany has köp boldy, bulardan başga-da sergide himiýa, dokma, azyk önümlerini, alkogolsyz içgileri, ilatyň sarp edýän harytlaryny, mebeli öndürýän kompaniýalar bilen giňden tanyşdyryldy.

Sergidäki köp ugurly ekspozisiýada Türkmenistanyň ykdysadyýetinde uly isleg bildirilýän ýokary tehnologiýalar hem-de telemetriýa we kommunikasiýalar, kabel telewideniýesi, elektrotehniki üpjünçilik boýunça döwrebap önümler görkezildi.

Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde sergä gatnaşyjylaryň köp sanly tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde türkiýeli işewürler bilen duşuşyk guraldy.

Eksport harytlarynyň sergisi onlarça kompaniýalaryň köp sanly gepleşikleri geçirmegine oňaýly mümkinçiligiň dörän ýerine öwrüldi, şol gepleşikleriň netijeleri boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän täze şertnamalar baglaşyldy. Türk kompaniýalary bilen gepleşiklerde türkmen telekeçileri işjeňlik görkezdiler. Serginiň işi heniz tamamlanmanka, plastik turbalary, keramiki örtükleri, mermeri ýol tehnikasyny, mebel üçin furnituralary, çagalar üçin niýetlenen harytlary we beýlekileri getirmek boýunça şertnamalar baglaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň resmi ýagdaýda ýapylyş dabarasy boldy, şonda sergä gatnaşyjylara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, türkmen topragynda dostlukly iki ýurduň arasynda däbe öwrülen we geljekde-de oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup, özara bähbitlere we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädime öwrülen şu duşuşygyň göwnejaý guralandygy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.