Ï Fosfor dökünleriniň önümçiligi artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fosfor dökünleriniň önümçiligi artdyrylýar

view-icon 2875
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda 2011-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 27 müň tonna fosfor döküni artyk öndürildi. Önümçiligiň artdyrylmagy esasynda welaýatda güýzlük bugdaýy üçin döküne bolan islegi kanagatlandyrýar we gowaça ekmeklik döwrüne taýýarlyk wagtynda topraga zerur bolan fosfor dökünleriniň ygtybarly goruny döretmäge mümkinçilik berýär.

Dökün öndürmekligiň artmagy sehleriň we bölümleriň sazlaşyklygy işlemekligi „Türkmenhimiýa“ döwlet konserniniň yzygiderli we wagtynda çig maly bilen üpjün etmekligi netijesinde mümkinçilik döredi.

Kärhanada tehniki taýdan kämilleşdiriş işleri amala aşyrylýar. Kärhana häzirkizaman ekskawatorlary, buldozerleri we agyr ýükleri daşaýan awtoulaglary bilen üpjün edildi.