Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasy kabul edildi. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji ýanwarda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde gol çeken karary esasynda tassyklanyldy.
Baş meýilnama „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny“ üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek, onuň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny gazanmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugynyň habar berşine görä , maksatnama laýyklykda „Atamyrat- Ymamnazar“, „Gazojak-Şasenem-Daşoguz“ demir ýollarynyň , Amyderýanyň üsti bilen geçýän „Türkmenabat-Farap“ demir ýol köprüsiniň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherleriniň arasynda gatnajak ýokary tizlikli otlular üçin niýetlenen täze demir ýolunyň, şeýle hem düzüme degişli başga-da birnäçe desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde“Gyzylgaýa-Bereket-Etrek“ demir ýolunyň Bereket-Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini goşmaça serişdeler bilen maliýeleşdirmek boýunça çözgüt kabul edildi. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň döwlet ösüş banky ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligine karz serişdelerini bölüp berer. Polat ýoly Türkmenistanyň we goňşy döwletlerinden geçýän Demirgazyk-Günorta halkara transmilli demir ýolunyň gurluşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Bereket şäherinden başlap, Gazagystan bilen serhede çenli uzalýan Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň ugrunda täze demir ýol menzilleriniň, lokomotiw depolarynyň, beýleki inženerçilik-tehniki, şeýle-de durmuş maksatly desgalaryň onlarçasy gurlar. Bereketden başga-da serhediň ýakasynda ýerleşýän Serhetýaka demir ýol menzili hem-de Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky serhetde ýerleşýän Etrek etrap merkezi halkara ulag geçelgesinde möhüm ähmiýetli ýerlere öwrüler.