Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 40-sy bellige alyndy.
Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Rumyniýadan, Niderlandlardan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny,
polipropileni, awtomobil benzinini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Natriý sulfaty (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) Russiýadan gelen işewürleriň geleşiklerinde satyn alnan önüm boldy. Mundan başga hem daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek žakkard polotensalar, şampun, durmuş himiýasynyň serişdeleri, nah ýüplük, garaköli goýnuň ýüňi, pagta süýümi ýerlendi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Russiýa, Günorta Koreýa, Türkiýe, Owganystan, şeýle hem Wirgin adalary. Geleşikleriň umumy möçberi 39 million 783 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Owganystandan, Pakistandan, Gyrgyzystandan we Gruziýadan gelen işewür toparlaryň wekilleri 3 million 22 müň manatdan gowrak möçberde nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 109 müň 440 manat möçberde polipropilen satyn aldylar.