Ï Süýt-gatyk önümleriniň önümçiligi dört esse artdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Süýt-gatyk önümleriniň önümçiligi dört esse artdyryldy

view-icon 1046
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň „Şa ýoly “ maldarçylyk toplumynyň abatlaýyş işleri geçirilen süýdi gaýtadan işleýän bölüminde süýt-gatyk önümleriniň önümçiligi artdyryldy. Bu bölüm ýylyň dowamynda 4000 tonna taýýar önümler alyjylara hödürlenýär.

Toplumyň fermasyndan günüň dowamynda alynýan süýdüň sagym mukdary 5 müň litrden gowrak bolup, bu möçber bölümiň kuwwatlylygyny üpjün edýär. Kärhananyň ýeterlik hojalyk ulgamy bolup, çig malyň hilini häzirki zaman sowadyjy enjamlarda saklamaga doly mümkinçiligi bar.

Gaýtadan işleýän bölümiň abarlaýyş işleriniň netijesinde we şol bir wagtda kärhanada täze gaplaýyş tehniki enjamlarynyň işe girizilmegi bilen „Şa ýoly“ toplumynyň süýt önümlerini köp mukdarda alyjylara hödürläp bolýar. Aýranyň iki görnüşi, miwe ýogurtynyň birnäçe görnüşi, „Ak peýnir“ atly duzlanan peýniri öndürilýän harytlaryň sanyny köpeltdi.Ýakyn wagtda Şa ýoly“ toplumynyň ýöriteleşdirilen dükanlarynda süýt-gatyk önümleriniň 50ml-3 litre çenli gaplanan, doragyň we peýniriň 100gr-1kg çenli gaplanan görnüşleri alyjylara hödürlener.