Ï Ösüşiň faktorlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ösüşiň faktorlary

view-icon 1809
Ýurduň demirgazyk sebtiniň administratiw merkeziniň senagaty ösýär we kärhanalarda önümçiligiň möçberleri artdyrylýar. Geçen 2011-nji ýylda Daşoguzyň kärhanalarynda 195 million 310 müň manatlyk önüm öndürilip, ondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde bu görkeziji 14% köpeldi.

2010-njy ýylyň fewral aýynda ulanylmaga berlen Daşoguzyň pagta egriji kärhanasynyň işgärler kollektiwi senagatyň ösmegine öz saldamly goşandyny goşýar.Kärhanada öndürilýän ýüplük ýokary hili bilen talap edilýän standartlara gabat gelýär we diňe içki bazarda däl, eýsem daşky bazarlarda hem bu haryda isleg bildirilýär. Harydyň pul möçberinde sanyny alanymyzda bu görkeziji 43 % ýokarlandy. 2011-nji ýylyň dowamynda ýedi müň tonnadan gowrak ýokary hilli ýüplük öndürildi.

Polimer, haly önümlerini öndürýän, „Çeper“ tikinçilik we ençeme beýleki kärhanalar hem öz görkezijilerini ep-esli artdyrdylar.

„Türkmendemirbetonönümleri“ önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky demirbeton önümleri kärhanasynyň öndüren önümlerini ýyl görkezijisi boýunça pul möçberinde deňeşdireniňde 33% ösüş boldy.Bu iri kärhana ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan täze desgalary gurluşyk önümleri bilen üpjün ediji esasy kärhanalaryň biridir.

Azyk senagaty hem gowy netijeler bilen öňe barýar. „Daşoguzgallaönümleri“ önümçilik birleşiginde dürli sortly unuň önümçiligi 19% artdy. Welaýatyň „Azyk“ önümçilik birleşiginiň „Was“ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, alyjylaryň islegini hasaba almak bilen täze önümleri öndürmäge girişdi.

Önümleriň önümçiligini mundan beýläk hem ýokarlandyrmaklyk maksady bilen Daşoguzyň ençeme önümçilik kärhanalarynyň esasy önümçilik bölümlerini giňeltmeklik we olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.