Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi esasynda ýakynda tassyklanan Ahal we Balkan welaýatlarynyň „Ösüşiniň esasy ugurlary“ hem-de „Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasynyň“ çäklerinde türkmen telekeçileriniň birnäçe taslamalary 2012-nji ýylda durmuşa geçirilip başlanar.
Geljek üçin ygtybarly bolan onlarça işewürlik meýilnamalar ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk we guşçulyk hojalyklaryň, et, süýt,miwe we gök önümlerini gaýtadan işleýän, kerpiç öndürýän kärhanalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmaklygy we ençeme başga telekeçilik ugurlary ösdürmek boýunça çäreleri geçirmekligi göz öňünde tutýarlar. Ahal welaýaty boýunça 53, Balkan welaýaty boýunça bolsa 34 sany taslamany durmuşa geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Ýerli telekeçilere bulardan başga-da iri taslamalar, ýagny Aşgabat şäherinde gipermarketiň we Awazada myhmanhananyň gurluşygy ynanyldy.Gipermarketiň daşky we içki görnüşleriniň, myhmanhananyň we oňa ýanaşyk kottedžleriň eskiz görnüşindäki taslamalary Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Aşgabat şäherindäki iş merkezinde geçirilen ýygnagynda hödürlendi.
Ýurdumyzyň iki ýüzden gowrak öňdebaryjy işewürlerini ýygnan bu forumda, döwletiň goldamagy we ýurtda dowam edýän özgerişlikleriň netijesinde telekeçiligiň ýurduň ykdysadyýetinde ornunyň artýandygy bellenip geçildi. Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen, özgerişliklere we şol bir wagtyň özünde kanuny ulgamdaky özgertmelere badalga berlen gününden başlap hususy eýeçilikde 25 müňe çenli iş ornlaryň sany köpeldi. Ýerli şereketler durmuşy taýdan peýdaly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyklaryna işjeňlik bilen gatnaşýarlar.