Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda geleşikleriň 43-si bellige alyndy.
Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, şeýle hem Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyçlyk mazuty, awtobenzini we gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Naýyp terminalynyň suwuklandyrylan gazyny Owganystandan gelen işewürler aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt walýutasyna 2010-njý yylyň hasylyndan azyklyk bugdaý, nah ýüplukleri, gara köli goýnyň ýüňi, pagta ýüplügi satyldy. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Koreýa Respublikasyndan, Litwadan gelen işewürler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy mukdary ABŞ-nyň 165 million 154 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, BAE-den, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we Owganystandan gelen işewürler köp görnüşli konditer önümlerini, tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalary, zenanlaryň tüýjümek halatlaryny, gara köli we saryjy goýunlaryň ýüňlerini, şeýle hem nah ýüplükleri satyn aldylar. Olaryň umumy mukdary 10 million 63 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 2010-njy ýylyň azyklyk bugdaýyndan 263 müň 625 manatlyk möçberini satyn aldylar.