Lebap welaýatynyň ençeme daýhan hojalyklarynyň arasynda maldarçylyk ugry boýunça ýeke-täk ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumy bar. Bu hojalygy ýakynda, ýagny ýarym ýyl mundan ozal boş ýatan fermany kärendesine alyp, et we süýt öndürmekligi maksat edinen oba telekeçisi döretdi. Ýerli häkimiýet telekeçä ýardam berenligi üçin hemme guramaçylyk meseleleri gysga wagtyň içinde çözüldi. Şol bir wagtyň içinde zerur tehniki enjamlary almaga we işi häzirki zaman derejesine laýyklykda gurnamaga ýardam berildi.
Häzirki wagtda „Babaguly“ maldarçylyk hojalygynda 120 den gowrak iri şahly mallar bolup, olaryň arasynda ýerli, şwed we latwiýa tohum sygyrlary hem bar. Bir günüň dowamynda hojalykda takmynan 250 litr süýt we aýda etiň iki müň tonnasy öndürilýär. Bu önümler esasan hem Türkmenabat şäherine ýakyn bolan bazarda satylýar.
Bu maldarçylyk hojalygynyň işe girizilmegi bilen çopanlar, sagymçylar, traktoristler we sürüjiler üçin täze iş ýerleri döredi. Iým meselesi dürli usullar bilen çözülýär. Güýzlük bugdaýyň oragyndan soň şertnama esasynda mäjim-silos üçin meýdanlarda mekgejöwen ekýärler. Mundan başga hojalyk öz tehniki serişdeleriniň güýji bilen mekgejöweni we ýorunjany ekmek üçin boş ýerleri özleşdirip başlady. Öz daýhan hojalyklarynyň önümçiligini artdyrmak maksady bilen „Babaguly“ maldarçylyk hojalygy gowaça ekmegi hem göz öňünde tutýar.
Maldarçylyk hojalyga Nariman Rahmedow ýolbaşçylyk edýär. Ol bu işe başlamak bilen maldarçylyk bilen meşgullanan atasy Babagulynyň işini dowam etdirmegi maksat edinipdir. Şeýlelik-de, ol maşgalasynyň işini eýýäm şu döwre laýyklykda, durs işewürlik maksatnamanyň esasynda dowam etdirýär.
Şeýlelik-de, telekeçi bankdan ýeňillikli karzy alyp, mallaryny köpeltmekligi, häzirki zaman tehnikasy bilen enjamlaşdyryp süýt we şöhlat önümçiligini başlamaklygy niýet edinýär. Bu işleriň ählisi döwletiň hususy telekeçiligi goldamagynyň netijesinde amala aşyrylýar.