Ï Ýokary hilliligiň standartlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilliligiň standartlary

view-icon 1027
Ýakyn wagtda „Türkmenawtoýollary“ döwlet konserniniň ulaglar parky iki esse artar. Ýurdumyza eýýäm tapgyrlaýyn gelýän 1241 sany ýüküni özi agdarýan awtoulaglar, ýöriteleşdirilen tehnikalar we awtoulag şaýlary satyn alyndy. Şu wagta çenli garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gara ýollaryň gurluşygy üçin 1300 sany ýol tehnikasy alynypdy.

KAMAZ, MAZ, Komatsu, Katerpillar, Dunapak, Wirtgen, Vogel, Ammann, Hartl, Kleeman ýaly we ençeme beýleki dünýä belli öňdebaryjy kompaniýalaryň tehnikalary şu wagt ulag parkyny doldurýar.

Konserniň ýol gurluşykçylary umumy uzynlygy 1676 km bolan Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Garagum-Daşoguz gara ýollaryny gurýarlar. Bu ulyýollar halkara ölçeglere laýyklykda gurulýar. Ýagny bu ýollar arasy bölünen zolakly, we olaryň her ugry 12,25 m giňlige barabardyr. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda hem hemme welaýatlarda gara ýollaryň gurluşygy we abatlaýyş işleri geçirilýär.

„Türkmenawtoýollary“ döwlet konserniniň düzümine 5 sany ýol –gurluşyk we köprigurluşyk müdirligi, 4 sany önümçilik edarasy, 5 sany garaýollaryny abatlaýyş müdirligi, 2 sany ýol gurluşyk önümçilik kärhanasy we taslama instituty girýär.

Türkmenistanyň kämil ulag aragatnaşyk ulgamy we halkara derejelerine laýyk gelýän uly ýollar bilen üpjün bolmagy, ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösmeginiň möhüm şertidir.