Ï Demir ýolçylaryň giň gerimli meýilnamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demir ýolçylaryň giň gerimli meýilnamalary

view-icon 922
Ýakynda Döwlet Baştutanynyň karary bilen tassyklanan, demir ýol ulagyny 2012-2016-njy ýý döwür üçin ösdürmegiň Baş meýilnamasynda pudagy ösdürmek boýunça bellenilen taslamalar anyk beýan edilýär.

Şeýlelikde, meýilnamany durmuşa geçirmegiň ilkinji iki ýylynda Gyzylgaýa-Bereket-Etrek demir ýolunyň ugrunda stansiýalaryň birnäçesi gurular, Atamyrat-Ymamnazar demir ýoly gurular hem-de Owadandepede lokomotiwler we ýolagçy wagonlary üçin hyzmat ediş merkezi bilen bilelikde depoň gurluşygyna başlanar. Aşagabat-Bereket-Türkmenbaşy, Türkmenabat-Zerger-Atamyrat-Amyderýa, Aşgabat-Mary-Türkmenabat we Tallymerjen-Amyderýa-Kelif demir ýollarynyň durky täzeleniler.

Şeýlelikde, Demirgazyk-Günorta demir ýolunda eýýäm Bereket stansiýasyndan türkmen-gazagystan serhedine çenli 444 kilometr demir ýolunyň demirgazyk bölegini çekmek tamamlandy. Günorta böleginde gurluşygy Eýranyň «Pars Energy» kompaniýasy alyp barýar. Bu ýerede demir ýoluň 325 kilometri çekiler, şol sanda 68,5 kilomer stansiýa demir ýoly çekiler, Bereket stansiýasynda jaýlar, binalar we lokomotiw deposy gurular. Bereket we Serhetýaka stansiýalarynyň aralygyndaky bölekde jemi 2 gatly 16 sany wokzallaryň binalary, işgärler üçin ýaşaýyş jaýlary gurular. Häzirli wagtda türk hünärmenleri tarapyndan Bereket we Serhetýaka iri stansiýalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Tüwer we Serhetýaka stansiýalarynda golaý wagtda teplowozlara we wagonlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin yzyna öwürýän depo işläp başlar. Demir ýolunyň bütin ugrunda häzirki zaman signalizasiýa we aragatnaşyk ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar.

Esasy ýoluň 85 kilometri we stansiýa ýolunyň 35 kilometri Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) demir ýolunyň türkmen böleginde gurular. Bu ýerde Zeýit, Gülistan, Ymamnazar ýaly stansiýalaryň birnäçesi, ýük ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen terminallar, Garagum derýasynyň we birnäçe kanallaryň üstünden geçýän köprüler gurular. Atamyrat stansiýasynyň durky düýpgöter täzeleniler. Köprüleriň gurluşygynyň möhletini hasaba almak bilen, bu demir ýoluny 2 ýylyň dowamynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Onuň gurluşygyny 2012-2013-nji ýyllarda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Aşgabatdan demirgazykda Owadandepäniň töwereginde Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alynan teplowozlara we ýolagçy wagonlaryna hyzmat etmek üçin depo gurmak göz öňünde tutulýar. Şular ýaly deponyň gurulmagy bilen täze iş orunlary dörär, häzirki zaman tehnikasyny netijeli ulanmak ýokarlanar.

Aşgabat-Bereket-Türkmenbaşy demir ýoluny bölekleýin düýpli abatlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenabat-Zerger-Atamyrat-Amyderýa demir ýoly hem düýpli abatlanylar. Bu ýerde hem signalizasiýa, aragatnaşyk we energiýa üpjünçiligi döwrebaplaşdyrylar, optiko-süýümly aragatnaşyk kabeli çekiler.

Şunlukda, Baş meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji iki ýylynda demir ýol ulagynyň netijeli ösüşini üpjün eder.