Häzirki wagtda öňde duran gowaça ekişine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Gowaça ekişi üçin bölünip berilen 550 müň gektar meýdanda keş çekmek, sürüm, suwarmak, topragy dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Däp bolşy ýaly, mart aýynyň ahyrlarynda topraga ilkinji tohum taşlamak işleri başlanar. Gowaça ekmek üçin Mary welaýatyna iň köp meýdan, ýagny 165 müň gektar bölünip berildi. Bu işler üçin Daşoguz welaýatyna 140 müň, Ahal we Lebap welaýatlaryna degişlilikde hersine 120 müň, Balkan welaýatyna 5 müň gektar bölünip berildi.
Gowaçanyň orta süýmli «149F», «133», «Ýolöten-7», «Daşoguz-120», «Serdar», «С-4727», «С2606» ýaly görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, gowaçanyň «Ýölöten-14», «Ýolöten-32», «9946-I», «9871-I» inçe süýmli görnüşleri diňe Mary we Ahal welaýatlarynda ekiler.
Häzirki wagtda gowaçanyň raýonlaşdyrylan görnüşleriniň 30-a golaýy döwlet reýestrine girizildi. Olar özüniň çalt ýetişýänligi, süýmüniň ýokary hilliligi, hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Ekiş üçin gowaçanyň diňe saýlama görnüşli tohumlary saýlanyp alynýar. Tohumlaryň hiliniň esasy görkezijileri Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň tohumçylyk we sort-synag Döwlet gullugynyň synag barlamhanalarynyň 13-niň hünärmenleri tarapyndan kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag institutynyň alymlary önümçiligiň talaplaryna laýyk gelýän gowaçanyň täze görnüşleriniň seçgisini alyp barýarlar, ylmy taýdan esaslandyrylan dökün bermegiň kadalaryny we ösümlikleri kesellerden hem-de zyýan berijilerden goramagyň serişdelerini, suwarmagyň öňdeberyjy usullary bolan damjalaýyn we ýagyş görnüşde suwarmagyň tehnologiýasyny işläp düzýärler.