Ýakyn wagtda Murgap jülgesiniň köp sanly bazarlarynyň hataryna ýene biri goşular. Marynyň günbatar derwezesinden uzakda bolmadyk ýerde welaýatda iň iri «Gündogar bazary» söwda toplumy gurular. Bazary guş uçar ýokardan synlanyňda ol öz görnüşi, gurluşy we bezelşi bilen Murgap jülgesiniň halyçylarynyň haly önümlerini bezeýän gölini ýadyňa salar.
Täze toplum 50 gektar meýdany tutar. Bu ýerde müňden gowrak dükan ýerleşer, söwda ýerleriniň sany 1600-den hem geçer. Bir ýarym müň ulag goýmak üçin niýetlenen awtoduralga gurular. «Gündogar bazarynyň» söwda dükanlarynda alyjylara durmuş-hojalyk, gurluşyk harytlarynyň we mebeliň, dokma we aýakgap, elektron we durmuşda ulanylýan tehnikalaryň, galantreýa we parfýumeriýa, zergärçilik we haly, halk senetçiligi önümleriniň giň görnüşi hödürlener. Alyş-çalyş nokady, stasionar we mobil aragatnaşygy, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň toplumy satyjylaryň we alyjylaryň hyzmatynda bolar.
Gündogar bazarynyň adaty baý öwüşgini bilen häzirki zaman hyzmat edilişiniň özara sazlaşmagy täze söwda toplumynyň möhüm aýratynlygydyr.