Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 674
Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 44-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Daniýadan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropileni we A-80 kysymly awtomobil benzinini satyn aldylar. Naýyp terminalynda öndürilen suwuklandyrylan gaz bolsa Owganystandan gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna dürli ölçegdäki tekiz boýalan we jakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplükler, pagta süýümi, agardylan pagta süýümi, arassalanmadyk çig ýagly turşumtygy, pagta ýüplüginiň arassalanylan galyndylary we nah ýüplükleriniň galyndylary (garyndy) ýerlenildi. Satyn alyjy ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Hytaý, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Günorta Koreýa, Eýran, Singapur, Lihtenşteýn. Geleşikleriň umumy bahasy 109 million 89 müň amerikan dollaryndan geçdi.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri erkek adamlaryň jinsi balaklaryny, nah ýüplügi, bizi, garaköli goýnuň ýuwlan ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 9 million 584 müň manada deň boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri 2010-njy ýylyň hasylyndan 356 müň 250 manada deň bolan möçberde azyklyk bugdaýy satyn aldylar.