Türkmenistanyň daýhanlary öňde duran gowaça ekişine taýýarlyk görýärler. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda gowaçanyň С-2606 we Aş-36 görnüşlerine uly ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýerleri planlaşdyrmak we ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Suwaryş ulgamlaryny arassalamak işlerinde ýaponiýanyň ýokary öndürijilikli «Komasu» ekskwatorlary netijeli ulanyldy.
Etrabyň pagtaçylary geçen ýyl «ak altynyň» 24814 tonnasyny taýýarladylar. Bu bolsa döwlet tabşyrygyndan 614 tonna köpdür. Ösdürip ýetişdiren hasyllarynyň artykmajyny biržanyň üsti bilen özbaşdak ýerlemäge berilen hukuk daýhanlarda hasyl ösdürip ýetişdirmäge uly höwes döretdi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi oba ilatynynň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmaga uly mümkinçilikler döredýär.